JEMGYÝET

Birbada iň baý adamlaryň biri, iň ýaş we iň garry adam älemde boldy

«Blue Origin» kompaniýasyny esaslandyryjy we onuň eýesi Jeff Bezos Tehasdaky poligondan äleme üstünliki uçuşy amala aşyrydy. Uçuşyň gidişi «YouTube»-de görkezildi. Bu barada «lenta.ru» ýazýar.

Uçuş 20-nji iýulda Moskwa wagty bilen 16 sagat 12 minutda (Aşgabat wagty bilen 18:12) başlandy we «Apollonyň» Aýa uçmagynyň 52 ýyllygyna bagyşlandy. Uçuş «Blue Origin» kompaniýasynyň «New Shepard» korablynda amala aşyryldy. Bezos bilen onuň dogany Mark, 82 ýaşyndaky öňki uçarman zenan Uoli Fank we 18 ýaşly mekdep uçurymy Oliwer Deýmen uçdylar. Şeýlelik bilen, älemde birbada iň ýaş we iň garry adam boldy. Uçuş 11 minut dowam etdi. «New Shepard» 110 sekundda  100 kilometr beýiklikde Jübi liniýasynyň aňyrsyna çykmak üçin ýeterlik tizlik aldy. Bu beýiklik älemiň umumy ykrar edilen araçägi hasap edilýär. Ekipaž agramsyzlyk ýagdaýynda dört minut boldy. Şondan soň korabl üç sany paraşýutda uçan ýerinden birnäçe kilometr uzaklykda ýere düşdi. Uçuş dolulygyna awtomatiki ýagdaýda geçdi, ekipaž tehnikany dolandyrmady.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: