JEMGYÝET

Bir ýylda üçünji perzendi dünýä indi

2020-nji ýyl Tatarystanda ýaşaýan bir zenana üç şatlyk ― üç perzent eçildi.
Geçen ýekşenbede, 20-nji dekabr güni sagat 2:45-de Kama çaga saglygy merkeziniň akuşer-ginekologlary oňa şu ýyldaky üçünji perzendini dünýä getirmäge ýardam etdiler.
Metbugat sahypalarynda berilýän habarlarda aýdylyşy ýaly, täze bäbejigiň agramy 3590 grama, boýy bolsa 53 santimetre ýetýär.
Maglumatlara görä, mundan 11 aý ozal bu enäniň ekiz perzentleri hem dünýä inen eken.
Lukmanlar onuň şu ýyl iň köp perzendi bolan enedigini aýdýarlar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply