Lebap welaýatynyň  Saýat etrabynyň Sakar şäherinde ýerleşýän ýyladyşhanadan 45 tonna pomidor Russiýa Federasiýasyna eksport edildi.

Ýyladyşhana telekeçi Döwlet Hojamuradowa degişli we ol 1,6 gektar meýdany tutýar. Onda pomidoryň «Bandita» sorty ösdürilip ýetişdirilýär. Bu ýerde işler häzirki zaman tehnologiýalary arkaly alnyp barylýar. Topragyň deregine bolsa kokosyň gabygy ulanylýar. Ekine suw, dökün bermek, ýyladyşhananyň içiniň ýylylygyny bir derejede saklamak we beýleki işler ýörite programma bilen üpjün edilen kompýuter arkaly dolandyrylýar. Bu ýerde geçen ýylyň sentýabr aýynda pomidor ekildi we ondan iýun aýyna çenli hasyl almaga garaşylýar. Şu döwürde 250 tonna pomidor ýygmak göz öňünde tutulýar. Hasylyň esasy bölegi içerki bazarda ýerlenilýär. Alyjylarda ýyladyşhananyň pomidorlaryna bolan isleg uly.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: