DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Bir ýurduň Prezidenti başga bir ýurduň raýaty boldy

Italiýanyň Premýer-ministri Jorjiýa Meloni Argentinanyň Prezidenti Hawýer
Mileýe öz ýurdunyň raýatlygyny berdi. Bu barada “Reuters” agentligi habar
berýär. Argentinanyň Prezidenti Italiýada saparda bolýar.
Argentinanyň Prezidentiniň Italiýa bilen baglanyşykly tarapy bar. Onuň
kakasynyň ugry boýunça enesi we atasy Italiýanyň Kalabriýa sebitinden bolup,
soňra Argentina göçüp barypdyrlar.
Şunuň bilen baglylykda, Argentinanyň Prezidenti Hawýer Mileýe Italiýanyň
raýatlygy berildi. Şeýle hem onuň kiçi gyz dogany Karina hem bu raýatlygy aldy. Mileýden ozal Argentinanyň ozalky Prezidenti Maurisio Makriniň hem iki
raýatlygy bar. Ol hem italiýaly immigrantyň ogly. Makri 2015-2019-njy ýyllarda
Argentinanyň Prezidenti boldy.
Argentinanyň Konstitusiýasynda döwlet baştutanlaryna ikinji raýatlyk almagyna
gadaganlyk ýok.