DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Bir ýaşly suratçy Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Gana döwletinden 1 ýaşly oglanjyk Eýs-Liam Nana Sem dünýäniň iň ýaş suratkeşi diýlip yglan edildi we onuň ady Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.

Oglanjygyň ejesi suratkeş Şantel Eganyň aýtmagyna görä, ogly 11 aýlyk wagty dürli reňkleri ulanyp, surat çekip başlapdyr. Geçen ýylyň ahyrlarynda Eýs-Liamyň çeken suratlary Gananyň meşhur suratkeşleriniň işleri bilen bir hatarda sergide görkezildi.

Häzirki wagta çenli ýaş suratkeşiň eserleriniň 11-si öz hyrydarlaryny tapdy. Bu görkeziji oňa dünýäniň täze rekordyny goýmak üçin ýeterlik boldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: