TÜRKMENISTAN HABARLARY

Bir toplumda günde 45 müňden gowrak ýumurtga alynýar

Lebap welaýat alyjylar jemgyýetiniň Türkmenabat kooperatiw daşary söwda kärhanasynyň guşçulyk toplumynda günde 45 müňden gowrak ýumurtga alynýar.
Çärjew etrabynyň çägindäki ulanylman ýatan pagta harmanhanasynyň ýerinde gurlan toplumda 65 müň towuk her biriniň uzynlygy 100 metrden hem geçýän, Türkiýe, Germaniýa ýaly ýurtlardan getirilen iň döwrebap enjamlar oturdylan keteklerde idedilýär. Olara berilýän iým hem toplumyň özündäki harazda üwelip taýýarlanylýar. Şunça işi ýerine ýetirmek üçin 35-e ýakyn işçi güýji bolsa ýeterlik. Çünki işleriň aglabasy awtomatlaşdyrylan ulgam bilen alnyp barylýar.
Ýumurtgalar ýerli telekeçileriň öndüren «Lebap», «Çärjew» ýazgyly gaplara gaplanylýar we söwda nokatlaryna ugradylýar.
Ýakynda idedilýän towuklaryň bir bölegi et üçin iberildi. Ketekler ýene-de doldurylandan soň olaryň sany 140 müňe ýeter.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply