SPORT WE SYÝAHAT

Bir tennisçini ömürlik ýaryşa gatnaşmakdan mahrum etdiler, beýlekisini — bäş ýyllap

Tennisde arassalylygy üpjün etmek boýunça Halkara agentligi (ITIA) özbegistanly tennisçiler Temur Ismailowy we Amal Sultanbekowy 2019-njy ýylda şertnamalaýyn ýaryşlara gatnaşandygy üçin oýunlara gatnaşmakdan mahrum etdiler. Bu barada «ITIA»-nyň metbugat gullugyna salgylanmak bilen, «ТАСС» habar berýär.

Ismailow tennisden ömürlik aýryldy we oňa 14 müň ABŞ-nyň dollaryna barabar jerime salyndy. Sultanbekow 2021-nji ýylyň 21-nji iýulyndan 2026-njy ýylyň 21-nji iýulyna çenli oýunlara gatnaşmakdan mahrum edildi we oňa 8 müň amerikan dollary möçberinde jerime salyndy. Oýunçylara islendik tennis oýnamak we ýaryşlary görmäge barmak gadagan edildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: