Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň gümrük ulgamynda sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak, daşary ykdysady işe gatnaşyjylar üçin amatly şertleri döretmek ugrunda netijeli işler alnyp barylýar. Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň resmi saýtynda habar berlişi ýaly, 2025-nji ýylda ýurdumyzyň daşary söwdasynda eksport-import amallary üçin jemi 189 954 sany ygtyýarnama we rugsatnama elektron görnüşinde «Bir penjire» ulgamynyň üsti bilen resmileşdirildi. Bu görkeziji 2024-nji ýyl bilen deňeşdirilende 2,7 esse ýokarlandy.
«Bir penjire» ulgamynyň işiniň kämilleşdirilmegi gümrük amallarynyň has-da tizleşmegine, resminamalaryň elektron görnüşde resmileşdirilmegine, daşary ykdysady işe gatnaşyjylaryň wagtynyň tygşytlanmagyna giň mümkinçilik döredýär. Häzirki wagtda bu ulgamyň işi Döwlet gümrük gullugynyň merkezi edarasynda Gözegçilik-seljeriş merkeziniň üsti bilen utgaşdyrylýar. Ulgamda işleýän gözegçilik edaralary tarapyndan ýüz tutmalaryň öz wagtynda hasaba alynmagyna we resmileşdirilmegine göni ýaýlymda gözegçilik edilmegi işiň netijeliligini ýokarlandyrýar.
Aýratyn bellemeli zat, ýurdumyzyň 19 ministrliginiň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň eksport we import amallary bilen bagly 29 hyzmaty «Bir penjire» ulgamynda jemlenip, 7/24 tertibinde işleýär. Ulgam bir gije-gündiziň dowamynda 1000-e golaý rugsat beriş resminamasyny resmileşdirmäge mümkinçilik berýär. Şeýle hem häzirki wagtda bu ulgamda 12 000-den gowrak daşary ykdysady işiň gatnaşyjysy hasaba alnyp, olaryň sany yzygiderli artýar.
Lebap welaýat gümrükhanasynyň harby gullukçysy hökmünde şeýle sanly çözgütleriň ýurdumyzyň daşary söwda mümkinçiliklerini giňeltmekde, eksport-import amallarynyň aýdyňlygyny we tizligini üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedigini nygtamak isleýärin. «Bir penjire» ulgamynyň netijeli işlemegi diňe bir gümrük edaralarynyň işini ýeňilleşdirmek bilen çäklenmän, eýsem, telekeçileriň, daşary ykdysady işe gatnaşyjylaryň işjeňligini ýokarlandyrmaga, milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşine hem mynasyp goşant goşýar.
Begenç HAÝYTMURADOW,
Lebap welaýat gümrükhanasynyň harby gullukçysy, maýor.

