DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Bir öýde 600-den gowrak arça bezeldi

Germaniýaly är-aýal Sýuzanna we Tomas Jeromin öz ýaşaýan öýleriniň otaglarynda Täze ýyl arçalaryny bezemek bilen, ýedinji gezek dünýä rekordyny gazandylar. Bu maşgalanyň öýündäki bezelen arçalaryň sany 605-e ýetdi. Munuň üçin olar dürli bezeg jäjekleriniň 120 müňden, çyralaryň bolsa 50 müňden gowragyny ulandylar. 2017-nji ýyldan bäri öz öýüniň ähli ýerinde bezelen owadan arçalar bilen Täze ýyly hakyky baýramçylyk ruhunda garşylamaklyk bu maşgala agzalarynyň asylly däbine öwrülipdir.
Olaryň geçen ýylky rekordynda bezelen arçalaryň 555-si hasaba alnypdy. Maşgala agzalary bu işi geljek ýyllarda hem dowam etdirmegi meýilleşdirýärler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: