Malaýziýanyň paýtagty KualaLumpur şäherindäki Merdeke — 118 binasy beýikligi boýunça dünýäde ikinji, Günorta Gündogar Aziýada bolsa birinji orny eýeleýär. Beýikligi 678,9 metr bolan bu bina 118 gatdan ybaratdyr.
Hyzmat ediş liftleri sekuntda 10 metr tizlik bilen hereket edip, her gün 100 müň adamy gatnatmaga niýetlenilendir. Bu köpugurly binada ýaşaýyş jaýlary bilen birlikde 7 gatly söwda merkezi, 300 sany dükan, myhmanhana, muzeý, sport zaly, metjit we dynç alyş
seýilgähleri ýerleşýär.
Şeýle-de minaradaky syn ediş meýdançasy şäheriň özboluşly gözelligini synlamak üçin iň beýik we iň ajaýyp ýer hasaplanylýar.
Bir minutda Malaýziýadaky täsin bina gezelenç

03
May