BILIM

Bir mekdepde birinji synpa ýeke okuwçy bardy, beýlekisinde 28 sany birinji synp açyldy

Kubanda, Wyselkowskiý raýonynyň Zarýa obasyndaky mekdebe birinji synpa dabaraly ýagdaýda bir okuwçyny kabul etdiler. Bu barada «Российская газета» habar berýär.

Mekdebiň ýolbaşçysynyň aýtmagyna görä, ozal beýle ýagdaý bolman eken. Birinji sentýabrda jaň hiç bolmada bäş okuwçy üçin kakylypdyr. Oglanjyk özüni oňaýsyz duýmaz ýaly lineýka mekdebiň bar okuwçylary — 48 oglan we gyz gelipdir.

Bu her ýyl okuwçy kabul etmek boýunça rekord goýýan Krasnodar şäherinden 70 kilometr uzaklykda bolup geçipdir.

Krasnodaryň Rossiýskiý şäherýaka şäherçesindäki täze 94-nji mekdepde 28 sekiz sany parallel birinji synp açypdyrlar. Munuň üçin rus elipbiýsiniň hemme harplaryny diýen ýaly ulanmaly bolupdyr. Özem, birinji gezek bu ýerde «Ы» («Y») we «Я» («Ýa») harplaryny hem ulanypdyrlar. Sanawdan diňe «Ь» (ýumşaklyk belgi), «Ъ», (gatylyk belgi), «Й» (Ý)« «Ё» («Ýo») we «Щ» («ŞŞ») harplaryny aýyrypdyrlar. Bu ýerde birbada 840 körpe üçin birinji jaň kakylypdyr.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: