- ESASY HABARLAR

BIR AKAN ÝERINDEN AKARMYŞ ARYK…

   Farap-Burdalyk gara ýoly bilen günorta-gündogara  ýolumyzy dowam etdirsek  30-40 kilometr ýaly geçenimizden soňra öňümizden süýji suwly „Röwşen guýy“ diýlip at berlen guýy çykar. Bu guýynyň sowujak suwundan, aýratyn-da, tomusda ýolagçylaryň aglabasy içip hezil edýärler. Guýa Rewşen ady ýöne ýere goýulmandyr. Rewşen aga şu ýerdäki ekerançylyk meýdanlaryny täzeden özleşdirmäge ilkinjileriň biri bolup işeňňir gatnaşan adam.

      Şu ýerden hem „Ýapaç“ daýhan birleşiginiň ekerançylyk meýdanlary başlanýar. Geçmişde bu ýerlerde ýapaç tiresi oba bolup ýaşapdyr. Ol XIX asyryň ahyrlartyna çenli Amyderýanyň orta akymynda Çärjewden  (häzirkiTürkmenabat şäheri) we Kerkiden ( häzirki Atamyrat şäheri) soň gülläp ösen  Nerezime garaşly bolupdyr.  Günorta-gündogara ýolumyzy biraz dowam etdirsek öňümizden „Nerezim“ daýhan birleşiginiň ekerançylyk meýdanlary çykar. Bu iki daýhan birleşigi Farap etrabyna degişlidir. Häzirki wagtda bu gadymy toprakda ýüzlerçe kärendeçiler bugdaý, pagta we beýleki oba hojalyk ekinlerini ösdürüp ýetişdirmek bilen meşgullanyp, olaryň bol hasylyny alýarlar.  

     Nerezim  (ol Narazym görnüşinde-de ulanylýar) atly ýer welaýatda taryhy maglumatlarda has köp duş gelýän ýerleriň biri. Nerezimiň ady  ýurdumyzdaky geografik atlary ürç edip öwrenen belli alym Soltanşa Atanyýazowyň şaýatlyk etmrgine görä, Mawerannahryň düzüminde-de, Nedir şanyň höküm süren dýwründe-de taryhy resminamalarda gabat gelýär. Nusgawy şahyrymyz, „yşk mülküniň şasy“ Mollanepes hem Nerezimiň gyzlarynyň waspyny ussatlyk bilen ýetirip bilipdir.  Alymyň pikiriçe, Nerezim diýmek „uly derýanyň keneryndaky oba“ diýmeklige aňladýar.   Emma XIX asyryň ahyrlaryna Amyderderýanyň öz kenaryny güýçli ýumurmagy netijesinde bu bagly-bakjaly, bereketli topragy suw basýar we ony weýran edýär. Bu  ýerde ýaşan ilat ony taşlap dumly-duşa göçmäge mejbur bolýar.  Suw belasy Nerezimi-de , onuň obalaryny-da, olardan nam-nyşan goýman ýer ýuwdan ýaly edýär.  Şonuň bilen bu Amyderýanyň sag kenaryndaky iň bir gelim-gidim taryhy ýeriň ady wagtlaýynça ýitirim bolýar.  Diňe bu ýerde öň ýaşan adamlar öz göçüp baran ýerlerine öňki obalarynyň- Nerezimli (Saýat etrabynda) diýen ady goýup ony ýatlapdyrlar. Wagtyň geçmegi bilen ol gur toraňňy, jünewüt, ýylgyn tokaýlyklaryna,  hyşalyklara, buýanlyklara we beýleki derýanyň boýnunda ösýän ösümliklere bürenip, geçmesi kyn, ýabany haýwanlara, guşlara baý bolan jeňňelliklere öwrülipdir.

    Bu gadymy uly il bolup ýaşalan toprakda we onuň daş-töwereginde üýtgeşik atly täsinliklere baý, okyjylary gyzyklandyrýan ýerleriň ençemesi bar. Nerezimiň gündogaryna gelşik berip duran, Sandykly çölüniň başlanýan ýerindäki, bir wagt Amyderýanyň suwunyň degip akan galalary, depeleri, gyrlary bilen  gurşalandyr. Galalar wagtyň geçmegi bilen depelere öwrülipdirler.Ol galalary düýpli öwrenmek boýunça gazuw-agtaryş işleri geçirilmändir diýsek ýalňyş bolmasa gerek. Olar özlerinde Jeýhunyň suwunyň yzyny ençeme asyrlaryň geçendigine garamazdan saklap galyp, oňa şaýatlyk edişi ýaly, köp syrlary-da özünde jemländirler.Ol galalaryň biri çöküp oturan düýä meňzese, beýlekisi çulbaly depä öwrülipdir. Bu ýerdäki depeler, gyrlar özleriniň görnüşi boýunça Amyderýanyň çep kenaryndakylardan tapawutlanýarlar.Olaryň aglabasynyň tumşuklary tebigatyň gudraty bilen günorta tarapa-Amyderýanyň akyp gelýän ugruna seredip dur.

     S.Atanyýazowyň ýazmagyna görä, Soltantagt diýen depe üstüniň tekizligi we onuň soltanlaryň tagtyna meňzeşdigi üçin şol at dakylypdyr. Ýa-da Zeňňi diýen gyry alyp göreliň. Bu söz garamtyl gök diýen manyny berýär. Gyrdan Soltanşa aganyň ýazyşy ýaly, ir wagtlar küýze üçin syrçalyk  önüm alnypdyr we häzir hem gök reňkli daşa öwrülen jisimler bu gyryň daş-töwereginde çaşyp ýatyrlar.  Olar aýratyn-da, bu ýerdäki depüniň pesinde soňky ýyllarda dörän Saltantagt kölüniň kenarlarynda köp duş gelýär. Nerezimiň gündogarynda olardan başga-da Tyllaköwen, Gyzylburun diýen uly depeler, Sandykly çölünde  Mähetjan diýen dag görünýär. Nerezimde, Amyderýanyň kenaryna golaý ýerde ýerleşýän, ençeme gezek derýanyň aljak bolup synanşyk eden  Bakyjan diýen ýeketäk depe bar. Ýerli ilat depani keramatly hasaplap, şonuň üçin derýanyň alyp bilmändigini gürrüň berýärler. Bu ýerde geçmişde oturumly oba we depäniň üstünde bolsa öwlüýä bolupdyr. S. Atanyýazow  şu ýerlerden göçüp giden adamlardan onuň adynyň XVIII asyrda ýaşan we şu öwlüýäniň gonambasy bolan Baky işanyň ady bilen baglanşyklydygyny anyklapdyr.  Nerezimiň iň günortasynda ýerleşýän, ýagny  Zöhre-Tahyryň köşgüniň(geçmişde Nawidah şäheri) golaýynda Çorga diýen obasynda geçen asyryň  60-njy ýyllaryna çenli adamlar ýaşadylar(esasan maldarlar).  Oba derýanyň egrelip gidýän ýerinde ýerleşýändigi üçin bu ady alypdyr. Geçmişde derýanyň egrelýän ýerlerine çorga diýilýän ekeni. Häzirki wagtda bu ýerden derýanyň aşagyndan hem-de ýokarsyndan Malaý-Bagtyýarlyk gaz geçirijileri geçýärler.

    Geçen asyryň segseninji ýyllarynda bu ýerden Farap-Burdalyk gara ýolunyň geçmegi bilen bu gadymy, ekerançylyk üçin ýaramly toprakly ýer täzeden özleşdirilip başlandy. Bu gadymy toprakda mes toprakly ýerleri suwarmak üçin akabalaryň, ýaplaryň we ýerasdy şor suwlary peseltmek üçin zeýkeşleriň, kollektorlaryň ulgamy döredildi.  Nerezimde pagta, galla kabul edýän harmanhanalary bolup, olar kärendeçileriň ýetişdirýän pagta hasylyny bökdençsiz kabul edýär. Bu ýerde täze  häzirkizaman obalarynyň düýbi tutulýar. Ol Burdalykdan elektrik geçirijiniň çekilmegi bilen elektrik energiýasy bilen üpjün edildi. Ata-babalasrmyzyň asyrlaryň dowamyndan synagdan geçiren „Bir akan ýerinden akarmyş aryk …“ diýenleri hakykatdan-da durmuşa geçýär. Nerezime we Ýapaja hormatly Prezidentimiziň aladalary bilen  täzeden döwran dolanýar.

                                                                                         Allaýar ORAZOW,

                                                                                                        žurnalist.

                         Merdan ORAZOWYŇ düşüren suratlary.