«Nesil» gazeti çagalara bagyşlanan «Nowça» sahypasynyň täze sanynda Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 39-njy orta mekdebiň zehinli okuwçylarynyň biri Kerim Italmazowyň «Lukman bolasym gelýär» atly çykyşyna orun berdi.
«Lukman bolmak — iň uly arzuwlarymyň biri. Öňde goýlan maksatlara ädimme-ädim ýetilýär. Yhlas bilen ýetilen menzilleriň bolsa gadyry başgaça bolýar. Bular barada okaýan çeşmelerimde köp gabat gelýärin. Lukmançylyk ylymlaryna degişli ylmy edebiýatlary ürç edip öwrenýärin. Olary diňe bir türkmen dilinde däl, eýsem, daşary ýurt dilleriniň ençemesinde okap başarýandygym ylym gorumy has-da baýlaşdyrýar. Okaýan orta mekdebim takyk we tebigy ugurly derslere ýöriteleşdirilen bolansoň, lukmançylyk ylmy bilen bagly bilimleri hem çuňlaşdyryp öwrenýäris» diýip, ýaş zehin çykyşda aýdýar.
Häzir orta mekdebiň 11-nji synpynda okaýan Kerim Italmazow ýylyň-ýylyna mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilýän «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşigine biologiýa dersinden gatnaşyp, 2021-2022-nji okuw ýylynda mekdep tapgyrynda 1-nji orna mynasyp boldy. Soňra bu ugurdan taýýarlygyny has-da güýçlendirip, 2022-2023-nji okuw ýylynda welaýat tapgyrynda 3-nji orna, 2023-2024-nji okuw ýylynda 2-nji orna, 2024-2025-nji okuw ýylynda bolsa 1-nji orna mynasyp bolmagy başardy. Şeýle hem 2024-nji ýylda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň guramagynda ýurdumyzyň tebigy ugurly dersleri çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda
geçirilen biologiýa dersi boýunça Açyk internet olimpiadasynda 1-nji orny eýeledi.
2025-nji ýylda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň geçirýän «Oguz hanyň zehinli nesilleri» atly olimpiadasynyň I tapgyrynyň ýeňijisi bolup, «Oguz hanyň zehinli nesilleri» atly Altyn gaznasynyň III derejeli agzalygyna kabul edildi.
Biologiýa boýunça milli olimpiadalaryň ençemesiniň ýeňijisi lukman bolmagy arzuw edýär
11
Oct
