BILIM

Biologiýa boýunça lebaply okuwçylar döwlet tapgyrynda üstünlik gazandy

Türkmenistanyň orta mekdepleriniň arasynda geçirilen «Altyn asyryň altyn zehinleri» ders bäsleşiginiň döwlet tapgyrynda biologiýa dersi boýunça lebaply okuwçylar baýrakly orunlara mynasyp boldular.
11-nji synp boýunça Kerki etrabynyň 37-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň okuwçysy Şanazar Aşirow we Dänew etrabynyň 17-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň okuwçysy Medine Azadowa döwlet tapgyrynda ikinji orunlary eýelediler. Şeýle hem Türkmenabat şäheriniň 4-nji orta mekdebiniň okuwçysy Guzel Babakulyýewa hem-de Türkmenabat şäheriniň 39-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň okuwçysy Kerim Italmazow döwlet tapgyrynda üçünji orunlary gazandylar. 12-nji synp boýunça Halaç etrabynyň 25-nji orta mekdebiniň okuwçysy Amangül Rahmanowa döwlet tapgyrynda ikinji orny, Türkmenabat şäheriniň 39-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň okuwçysy Mukam Döwletmämmedow döwlet tapgyrynda üçünji orny eýeledi.