BIZE YAZYARLAR

Bilimli ýaşlar

  Hormatly Prezidentimiz özüniň juwanlyk güýji bilen Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzy dünýäniň ösen döwletleriniň derejesinde beýgeldip, pajarladyp ösdürýär. Bu işlerde Arkadagly Serdarymyz ýurdumyzyň edermen, maksada okgunly, geljege ynamly ýaşlaryna berk ynanýar. Ýaşlary hakyky watançylyk, ynsanperwerlik, ýokary ahlaklylyk, Watana we şöhratly taryhymyza, halkymyzyň medeniýetine, däp-dessurlaryna, maşgala gymmatlyklaryna hormat goýmak ruhunda terbiýelemek, ylym-bilime höwesini artdyrmak, hormatly Arkadagly Serdarymyzyň durmuşa geçirýän ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň esasy ugry bolup durýar. Şu maksat bilen ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, zehinini ösdürmegi, hünär taýdan kämilleşmegi, giň dünýägaraýyşly, eziz Watanymyza wepaly şahsyýetler bolup ýetişmegi üçin ähli şertler döredilýär. Munuň şeýledigine ähli zerur şertler döredilen döwrebap bilim ojaklarynyň gurlup ulanmaga berilmegi, okuw maksatnamalarynyň yzygiderli döwrebaplaşdyrylmagy, orta mekdeplerde ýaşlara bilim we terbiýe berýän mugallymlaryň hünär derejesini kämilleşdirmegi ýaly oňyn özgertmeler aýdyň şaýatlyk edýär. 

  Ýurdymyzda ýaşlaryň dünýä ölçeglerine laýyk bilim almaklary, öz ukyplaryny we zehinlerini, başarnyklaryny görkezmek üçin Hormatly Prezidentimiziň ýaşlara goldawy çäksizdir. Dünýä ülňülerine laýyk gelýän medeniýet, bilim ojaklary onuň aýdyň nyşanydyr. Bilimde, ylymda we tehnikada gazanylan oňyn netijelere esaslanyp, milli bilim ulgamyny kämil derejede ösdürmek, ylymly, bilimli, giň gözýetimli, maksada okgunly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek, öňdebaryjy innowasiýa tehnologiýalardan baş çykarýan ýokary derejeli hünärmenleri, ýaşlary taýýarlamakda uly işler alnyp barylýar. Berkerar döwletimizde türkmen ýaşlaryna bilim bermek, olara halypalyk etmek we ylym-bilim ulgamynda halypa-şägirt gatnaşyklaryny netijeli ýola goýmak babatynda döredilýän giň mümkinçiliklerden peýdalanyp, halal zähmet çekmek, öz hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak we ýaşlary ylym ojagyna atarmak her bir mugallymyň borjudyr.

  Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizi ykdysady taýdan ösdürmekde, halkymyzy abadan durmuşda, bagtyýar zamanada ýaşatmakda bimöçber işleri alyp barýan Arkadagly Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň, Gahryman Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolup, her bir tutýan tutumlary üstünliklere beslensin.

 Türkmenabat şäheriniň 2-nji çagalar sungat mekdebiniň

 mugallymy Şirin Rozybaýewa.