Bilimli ýaşlar Watan kuwwaty
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Lebap welaýat kitaphanasynda Türkmenabat şäherini orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmaklarynda “Bilimli ýaşlar Watan kuwwaty” ady bilen maslahat geçirildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýiti zehinlerinden dörän kitaplarynda ýaşlary terbiýelemekde uly ähmiýetiniň bardygy barada giňişleýin gürrüňler edildi. Kitaphananyň hünärmenleri tarapyndan “Asylly ýörelge-kämil
terbiýe” atly giň göwrümli kitap sergisi guralyp, ol gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy. Maslahatyň dowamynda ýaşlaryň ylymly-bilimli, giň dünýä garaýyşly ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin ähli mümkinçilikleri döredip beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýtdyldy.