BIZE YAZYARLAR

Bilimli ýaşlar — röwşen geljegimiz

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Häzirki ajaýyp döwrümizde ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň her biriniň binýadynda halk bähbitli beýik işler bar. Munuň özi ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemek, bilimli ýaşlary kemala getirmek bilen berk baglanyşyklydyr. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzyň bilim edaralarynda, çagalar baglarynda we orta mekdeplerde netijeli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Ajaýyp döwrümizde ýaş nesilleriň terbiýesine, giň dünýägaraýşyna uly üns berilýär, bilşimiz ýaly çagalar baglarynda körpelere kämil terbiýe berilýär. Olarda bilim almaga höwes döretmek üçin ýörite usullar ulanylýar. Esasan hem, mekdebe taýýarlaýyş toparlarda harplar, sanlar hakynda düşünje berilýär. Munuň özi çagalaryň mekdebe bolan gyzyklanmalaryny, okamagy, sanamagy endik etmegini üpjün edýär. Bu bolsa mekdebe çenli çagalar edaralarynda körpeleriň sagdyn ösmekleri we dünýägaraýşynyň giňelmegi üçin uly işleriň alnyp barylýandygyny aýdyň beýan edýär.
Biz — bilim işgärleri alyp barýan okuw-terbiýeçilik işlerimizde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp kitaplaryndan ugur alyp, ýaş nesli terbiýelemekde, olaryň watansöýüji ýaşlar bolup kemala gelmeginde okatmagyň kämil, döwrebap usullaryndan peýdalanýarys. Bu babatda ata-babalarymyzdan gelýän asylly ýörelgelere eýerýän watandaşlarymyzyň, şol sanda bilim işgärleriniň öňünde uly wezipeler durýar. Bu asylly wezipeler, ilkinji nobatda, ýaş nesilleriň milli ruhda terbiýelenmegi hem-de olaryň ylymly-bilimli, watansöýüji ýaşlar bolup kemala gelmegi bilen berk baglanyşyklydyr.
Bilşimiz ýaly, çagalar oýun oýnamagy halaýarlar. Oýun — bu mekdepdir. Oýun çagalara dogry täsir eder ýaly, çagalara nämäniň erbetdigini, nämäniň gowudygyny tapawutlandyrmagy öwretmeli. Terbiýeçi oýny beden terbiýesiniň serişdesi hökmünde hem ulanyp biler. Köp oýunlar işjeň hereketi talap edýär, gan aýlanyşygyny kadalaşdyrýar. Terbiýeçi oýun döwründe arassaçylygyň doly berjaý edilmegine üns bermelidir. Oýun çagalara gözellik terbiýesini bermekde hem ähmiýetlidir. Köp oýunlaryň mazmunyna çagalara tanyş bolan aýdymlar, tanslar, goşgular, tapmaçalar girýär. Oýunda we oýnuň üsti bilen terbiýeçi çagalarda batyrlyk, dogruçyllyk, ugurtapyjylyk, çydamlylyk, sabyrlylyk, agraslyk ýaly häsiýetleri terbiýeläp biler. Şeýlelikde, oýun çagalaryň hemmetaraplaýyn ösmeginiň we terbiýelenmeginiň serişdesi bolup durýar. Şeýle-de çagalar bilen sapagyň dowamynda birek-birek bilen sorag-jogap alyşmagy öwredýäris.
Watanymyzyň röwşen geljegi hem daýanjy bolan ýaşlaryň bilimli-ylymly bolmaklary ugrunda ägirt uly tagallalary edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, döwlet ähmiýetli beýik işleri rowaç bolsun!

Umyda BABAÝEWA,
Çärjew etrabyndaky 8-nji çagalar-bakja bagynyň terbiýeçisi,
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň işjeň agzasy.