Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň we döwlet berkararlygynyň hukuk esaslaryny pugtalandyrmak, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatyny işjeň durmuşa geçirmäge, ýurdumyzyň halkara giňişligindäki abraýyny mundan beýläk-de artdyrmaga gönükdirilen uly işler amala aşyrylýar.
2026-njy ýyl — «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda, ýagny mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň toýlanýan günlerinde ýurdumyzyň bilim ulgamynda hem uly özgerişlikler we öňegidişlikler gazanylýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmek, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän, maglumat-tehnologik ösüşlerden oňat baş çykarýan kämil ýaş hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen, ýurdumyzyň orta bilim berýän we ýokary okuw mekdeplerine dünýä ylmynyň soňky gazananlaryny, maglumat tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmaga dahylly işler ýola goýulýar. Ýurdumyzyň döwlet syýasatynda milli bilim ulgamyny sanlylaşdyrmaga uly ähmiýet berilýär.
Mälim bolşy ýaly, häzirki zaman kompýuter ulgamy we aragatnaşyk serişdeleri yzygider kämilleşdirilýär, önümçilik awtomatlaşdyrylyp, elektron resminama dolanyşygy ornaşdyrylýar. Eziz Watanymyzda bilim ulgamy bilen deň derejede köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde, sport ulgamy üçin ýokary derejeli hünärmenleri, ussat türgenleri taýýarlamakda netijeli başlangyçlar alnyp barylýar. Bilim edaralarynyň okuw-usulyýet üpjünçiligini gowulandyrmak, şol sanda döwrebap kitaphanalary gurmak arkaly ýokary bilimli, sazlaşykly ösen ýaşlary taýýarlamak boýunça çäreler giň gerime eýe bolýar. Öwredilýän daşary ýurt dilleriniň gerimini giňeltmek babatdaky işler bu ugurda nobatdaky möhüm ädimdir. Bu asylly işler halkara hyzmatdaşlygyň çägini işjeň giňeltmäge we ýaş nesillere dünýä dillerini has hem çuňlaşdyryp öwretmäge ýol açýar.
Dilaram SAÝFULLAÝEWA,
Çärjew etrabyndaky tebigy ugurlara ýöriteleşdirilen 31-nji orta mekdebiň başlangyç synp mugallymy.

