Adamzat arşa uçmak bilen öz dünýägaraýyş çygryny giňeltdi. Adamzat ýüpek gurçugy ýaly ýüpek piläni deşip, ganat baglap uçdy. Bu adamzadyň beýik taryhy eýýamyna ýoldur.
Häzir biziň çagalar bagynda, mekdeplerde terbiýe berýän çagalarymyz ýüz, ýüz elli ýaşap biläýjek adamlar bolmaly. Diýmek, biz olara, gelejegi nazar alyp, has çuň, has giň, has düýpli terbiýe, ylym bermeli!
Ertekilerde alys ýere gitjek bolýan ogluna atasy akyl, paýhas berýändir, enesi bolsa bir tegelek çörek düwýändir.
Biziň çagalarymyz hem ylymlardan bina bolan ertekiler dünýäsine gidip barýar, biz olara öz durmuş tejribämizi, öz paýhas-aňymyzy doly berjek bolmaly.
Dünýäniň iň beýik dagy sekiz kilometr çemesi. Sekiz kilometri bolsa adam bir sagatda geçip bilýär. Emma alpinistler ýedi-sekiz kilometrlik beýik dag gerşine çykmak üçin bütin ýyllap taýynlyk görýärler. Ýokarda gaty sowuk, baky doňaklyk.
Diýmek, olaryň eşigi galyň, ýyly bolmaly. Çadyrlary hem sowuk geçirmeýän, berk ygtybarly bolmaly. Ýüpleri üzülmeýän ýüp bolmaly. Olara hiç bolman on günlük iýer-iýmitem gerek, sebäbi her hili ýagdaýlaryň bolmagy ahmal. Üstesine sarkofagy, demir myhlary, çekiji, paltasy, garaz, ýüki ykjam tutulmaly.
Diýmek, biz şu günki çagalarymyzy beýik dag gerşine çykýan alpinistler ýaly terbiýeläp, olaryň ýüküni ykjam tutmaly. Elbetde, onça ýük aç eşege ýük borlar, emma agyram bolsa, onça ýüksüz dagyň gerşinde etjek işiň ýok.
Geçmişde – sowatly adamlaryň az zamany akyldarlar öz döwrüne görä pikirlenip, çuň paýhasly pikirlerini tymsallaryň, basnýalaryň, rowaýatdyr hekaýalaryň üsti bilen beripdirler. Pygamberlerem öz pikirlerini tymsallara, rowaýatlara, hadyslara salypdyrlar. Bu akyl-paýhas bermegiň iň gowy usuly. Tymsallaryň, basnýalaryň, hadyslaryň üsti bilen aňyňa giren akyl-paýhas hiç haçan ýadyňdan çykmaýar.
Ylym-bilimi gije-gündiz okamak bilen gazanyp bolýar…
Bir kişi dana adamdan:
– Men pylan şähere näçe wagtdan ýetip bilerin – diýip sorapdyr.
Dana:
– Bilmedim – diýip, öz işi bilen gümra bolup başlapdyr. Ol adam öýkeläp gidiberipdir. Bäş minutdan soň akyldar oňa gygyryp:
– Sen agşama çenli şol şähere baryp bilersiň – diýipdir.
Ol adam:
– Ýaňy ýanymdakaň aýdaýsaň bolmadymy? – diýen.
– Weý, men seniň niçik ýöreýşiňi, neneňsi gadam urşuňy görmän, nädip seniň haçan barjagyňy aýdyp bilerin?! – diýipdir.
Türkmenistanyň Garaşsyz hem baky Bitarap döwlet bolanyna köp ýyl geçenok. Geçen şu gysga döwürde ýaş hem kuwwatly döwletimiziň geçen ýoly asyrlarda türkmeniň geçip görmedik ýoly, çykyp görmedik belentligi, ýetip görmedik derejesi! Biz öz ganatly zamanamyzda kuwwatly Türkmenistany dünýäniň beýik döwletleriniň arasynda hem has beýik döwlet bolmagy üçin mynasyp nesillerimizi taýynlamalydyrys, sebäbi Türkmenistanyň Garaşsyzlykdan soňky geçen ýoly gelejekde onuň ganat ýaýyp uçjakdygyndan habar berýär.
Türkmenistan ýyldyrym tizliginde Ýerden göterilip barýan äpet howa laýneridir.
Mametjan JUMAKULYÝEW,
Farap etrabynyň 2-nji orta mekdebiniň mekdep müdiriniň terbiýeçilik işleri
boýunça orunbasary.
