BIZE YAZYARLAR

Bilimli nesiller – röwşen geljegimiz

Hormatly Prezidentimiz: ‘’Biziň esasy wezipämiz ýokary bilimli, hakyky watançy nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekden ybaratdyr’’ diýip belleýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde bilim ulgamynyň ösüşi ýokary depgine eýe bolýar. Bilim ulgamynda durmuşa geçirilýän işleriň ýola goýulmagy okatmagyň usulyýeti kämilleşdirilýär. Hormatly Prezidentimiziň
baştutanlygynda bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesillere kämil derejede bilim we terbiýe bermek üçin dürli usuly işleriň, okuw sapaklarynyň talabalaýyk guralmagy zerurdyr.
Men hem başlangyç synp okuwçylary bilen dürli görnüşde sapaklary gurap, çagalara berilýän bilimiň hiliniň ýokary bolmagy üçin döredijilikli zähmet çekýärin. Okuwçylaryň arasynda guralýan bäsleşikler bolsa, olaryň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmaga ýardam edýär. Halkymyzyň arasynda “Ýaryşly iş ýeňişli iş’’ diýen ajaýyp nakyl bar. Çünki bäsleşik bar ýerinde üstünlik bar.
XVI asyrda italiýaly matematikler bassaşlyk edip, öz aralarynda ýaryşlary, bäsleşikleri guraýan ekenler. Şeýle ýaryşlaryň biri 1535-nji ýylda meşhur matematikler Tartal bilen Fioreniň arasynda bolupdyr. Olar biri-birine öz taýýarlan meselelerini çözmekligi teklip edipdirler. Şol ýaryşda Fioreniň teklip eden 30 meselesini dogry çözüp, Tartal ýeňiş gazanypdyr.Tartal Fioreniň çözüp bilmez diýip teklip eden üçünji derejeli deňlemesini çözüpdir. Bu ýaryşyň netijesinde
matematikleriň birnäçe ýüz ýylyň dowamynda çözüp bilmedik meselesi öz çözgüdini tapypdyr.
Görşümiz ýaly, ýaryşlar, bäsleşikler diňe bir bilim derejäni ýokarlandyrman, uly açyşlara hem getirýär eken.
Gahryman Arkadagymyzyň “Döwlet guşy” romanyndaky bäsleşik bilen baglanyşykly maglumatlar bar. “Döwlet guşy” romanynda Gahryman Arkadagymyzyň kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň mekdepde okan ýyllary we ol döwürde onuň bilen baglanyşykly bolup geçen wakalar çeper beýan
edilipdir.
Romanyň “Bassaşlyk” atly bölümçesinde dördünji synp okuwçysy Mälikguly bilen bilen altynjy synp okuwçysy Şirmämmediň arasynda matematikadan mesele çözmek boýunça bolup geçen ýaryş çeper beýan edilýär.
Ýaryşy geçirmek üçin okuwçylardan emin agzalary bellenilýär. Ýaryşyň şerti şeýle. Her tarap kagyza bäş sany mysaly ýazmaly-da, bäsdeşine bermeli.Ýaryşýan hem her mysaly synp tagtasynda işläp görkezmeli.
Ýeňijilige dalaşgärleriň hersine iki tagta kagyz berilýär. Birinji kagyza mysallary, ikinji kagyza bolsa, şol mysallaryň çözgütlerini ýazmaly. Birinji tagta kagyz ýaryşýan ýoldaşyňa, çözgütler ýazylan ikinji kagyz bolsa emin agzalaryna berilýär. Emin agzalar mysallary okuw kitabyndan ulanmaga rugsat berýärler. Ýaryşýan okuwçy bäsdeşiniň beren bäş mysalyny tagta çykyp işleýär. Emin agzalar mysallaryň işlenilişini özlerine berlen çözgüt bilen deňeşdirip görýärler. Iki çözgüt
hem deň çyksa mysalyň işlendigi hasap edilýär.
Mälikguly Şirmämmediň özüne beren bäş mysalyny hem tagtada çözýär. Emin agzalary tagta ýazylan çözgütleri ikinji kagyza ýazylan çözgütler bilen deňeşdirip, mysallar dogry işlendi diýip hasap edýärler. Şirmämmet hem Mälikgulynyň beren mysallaryny çözýär. Emin “Ýaryş deňme-deň, ara-çaga gutardy!”diýip, ýaryşyň netijesini yglan edýär.
Biziň bu ýaryş barada giňişleýin aýtmagymyzyň özüne ýetesi sebäbi bar. Çünki, şeýle ýaryşlar okuwçylaryň döredijilik başarnyklaryny ösdürmegiň täze bir usuly diýsek hem ýalňyşmarys. Bu usuldan nusga alyp, okuwçylaryň arasynda okamak, ýazmak, surat çekmek, goşgy we aýdym aýtmak, mesele çözmek boýunça döredijilik bäsleşiklerini geçirip, olaryň ýazuw we sözleýiş endiklerini ösdürýärin. Öz okadan okuwçylarymyň ýokary synplarda owadan hatlarynyň bardygy we gowy okaýandyklary hakyndaky kärdeşlerimiň berýän bahasy meniň kalbymy ýyladýar.

Gülşirin KURBANOWA,
Çärjew etrabynyň 24-nji orta mekdebiniň başlangyç synp mugallymy.