Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dowam etdirmeginde adalatly, parasatly ýolbaşçylygynda Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiz durmuşyň ähli ugurlarynda syýasy, ykdysady, ylym-bilim, medenýet, saglygy goraýyş ulgamlarynda günsaýyn beýik ösüşlere beslenýär. Täze sepgitlere tarap batly gadam bilen barýan ýurdumyzda bilim ulgamyny ösdürmek biz ýaşlaryň mukaddes borjumyzdyr.
Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde ýerleşýän Agrosenagat orta hünar okuw mekdebimizde okuw-usulyýet we terbiýeçilik işlerini talabaýyk ýöretmek boýunça okuw-usuly seminarlary yzygiderli guralýar. Bu maslahaty geçirmekligiň esasy maksady –“Türkmenistanda ýaşlary hünäre ugrukdyrmak işlerini geçirmekden, mugallymlaryň umumy dersleriniň hilini, täsirini ýokarlandyrmakdan, ulanyp bilinjek sanly platformalaryň sanawyny düzmekden ybaratdyr.”
Bilim bermegi kämilleşdirmek üçin häzirki wagtda welaýatymyzyň orta hünär okuw mekdeplerinde Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy üstünlikli durmuşa geçirilýär, ýokary tizlikli Internet ulgamynyň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde ýurdumyzyň ýokary hem-de orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda uzak aralykdan sapaklar, widioşekilli maslahatlar guralýar.
Bize okamaga, işlemäge, döretmäge şeýle giň mümkinçilikleri beren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak we il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleriniň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris!
ÝUNUSJANOWA Nargiza,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň
Türkmenabat Agrosenagat orta hünär
okuw mekdebiniň talyby.

