BIZE YAZYARLAR

Bilimli nesil — sagdyn jemgyýetiň binýady

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamynyň yzygiderli ösdürilmegi, bu ugurda ýokary hünärli işgärleriň taýýarlanylmagy döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda kabul edilýän maksatnamalar, döredilýän giň mümkinçilikler lukmançylyk bilimini kämilleşdirmäge, ýaş hünärmenleri döwrebap talaplara laýyk taýýarlamaga berk binýat döredýär. Şu nukdaýnazardan, Türkmenabat lukmançylyk orta okuw mekdebi hem il saglygy üçin hyzmat etjek hünärmenleri taýýarlamakda möhüm orun eýeleýär.
Okuw mekdebimizde talyplara diňe nazary bilimler däl, eýsem amaly başarnyklar hem yzygiderli öwredilýär. Döwrebap okuw otaglary, barlaghana şertleri, häzirki zaman okuw-usulyýet serişdeleri talyplaryň hünär taýdan kämilleşmegine ýardam berýär. Mugallymlar topary okuwçylara adam saglygynyň gymmatlygyny düşündirmek, olaryň hünärine söýgi döretmek, lukmançylyk ahlagynyň esaslaryny berkitmek ugrunda yhlasly zähmet çekýär. Talyplar önümçilik tejribelerini saglygy goraýyş edaralarynda geçip, geljekki hünärlerine taýýarlygyny artdyrýarlar.
Bilimli we jogapkär lukmançylyk işgärlerini taýýarlamak bilen bir hatarda, ýaşlaryň watançylyk ruhunda terbiýelenmegine hem aýratyn üns berilýär. Okuw mekdebimizde geçirilýän terbiýeçilik çäreleri, wagyz-nesihat duşuşyklary talyplaryň dünýägaraýşyny giňeldýär. Geljekde halkymyza halal zähmeti bilen hyzmat etjek, saglygy goraýyş ulgamynyň ösüşine goşant goşjak hünärmenleri taýýarlamak biziň esasy maksadymyzdyr.
Döwletimiz tarapyndan döredilýän amatly şertler, bilim ulgamyna berilýän goldaw biz, mugallymlary, ýaş nesli has-da kämil taýýarlamaga ruhlandyrýar. Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza bilim we saglygy goraýyş ulgamlaryny ösdürmek ugrunda edýän taýsyz tagallalary üçin alkyş aýdyp, ildeşlerimiziň sagdyn we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda bilimimiz we tejribämiz bilen mynasyp hyzmat etmegi özümiziň mukaddes borjumyz hasaplaýarys.

Şahriza RUSTEMOWA,
Türkmenabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mugallymy.