BIZE YAZYARLAR

Bilimli nesil — kuwwatly Watan

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ähli ulgamlar bilen bir hatarda, bilim ulgamyny ösdürmek, okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek, sanly bilim ulgamyny ornaşdyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Şu maksat bilen, Türkmenistanda döwrebap orta we ýokary okuw mekdepleri, çagalar baglary, sagaldyş-dynç alyş merkezleri gurulýar hem-de olarda döwrebap bilim-terbiýe berilýär. Bilim edaralaryny zerur okuw kitaplary, gollanmalar bilen üpjün etmek, täze tehnologiýalary we halkara ölçeglere gabat gelýän öňdebaryjy okuw-tehniki enjamlary ornaşdyrmak boýunça ägirt uly işler durmuşa geçirilýär.
Ýurdumyzda ýaş nesillere berilýän bilimiň hilini gowulandyrmak, bilimiň ugurlaryny giňeltmek, mazmunyny çuňlaşdyrmak babatda möhüm işler ýerine ýetirilýär. Täze gurulýan orta mekdepleriň maddy-tehniki binýadynyň pugtalandyrylmagy, olarda häzirkizaman ylmynyň gazananlarynyň ornaşdyrylmagy, okuwçylaryň döwrebap kompýuterlerden peýdalanmagynda şertleriň döredilmegi munuň aýdyň mysaly bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiz ylymly-bilimli, giň gözýetimli, ahlak taýdan arassa we ynsanperwer ýaşlary terbiýelemäge ukyply ösen bilim ulgamyny halkyň eşretli durmuşda ýaşamagynyň çeşmesi hasap edýär. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly häzirki wagtda ylym-bilimi ösdürmezden, çylşyrymly tehnologiýalardan baş çykarýan ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamazdan, dünýäniň okgunly ösüşine goşulmak, döwür bilen aýakdaş gitmek asla mümkin däl. Şonuň üçin hem «Bilimli nesil — kuwwatly Watan!» diýen ýörelgeden ugur alyp, biz geljekde hem ýurdumyzda ylym-bilimi giňden ösdürmek üçin ähli çäreleri görýäris.
Ýurdumyzda ylmy we bilmi ösdürmek boýunça alynyp barylýan giň möçberli işler ýaşlara aýratyn hyjuw, joşgun bilen okamaga goltgy berýär, olaryň ata Watanymyzyň şan-şöhratyny artdyrmaga mynasyp goşant goşmagyna giň ýol açýar. Ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdepleriniň okuwçylarynyň halkara bilim, taslama we döredijilik bäsleşiklerinde gazanýan üstündikleriniň ýylsaýyn artmagy hem hormatly Prezidentimiziň bilim ulgamynda alyp barýan özgertmeleriniň ajaýyp miweleridir.
Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany ýylynda hem bilim özgertmeleriniň rowaçlanýandygyny, bilim işgärlerine giň mümkinçilikleriň döredilýändigini aýdyň görmek bolýar. Çünki bilim ulgamyndaky amala aşyrylýan oňyn özgertmeler milli bilim ulgamynyň dünýäniň bilim giňişligine üstünlikli goşulmagyna, ösen bilimlere esaslanýan jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň kämilleşmegine özboluşly täsirini ýetirýär. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly sözlerini kalbymyza guýup, bilim işgärleri hökmünde döredijilikli zähmet çekmelidiris. Çünki halal zähmet çekip, eziz Diýarymyzyň gülläp ösmegine uly goşant goşmak, ata Watanymyza wepaly, kämil nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek bilim ulgamynyň her bir hünärmeni üçin uly bagtdyr.
Ata Watanymyzda döredilýän ajaýyp şertlerden, mümkinçiliklerden peýdalanyp, biz — bilim işgärleri hem yhlasly, tutanýerli zähmet çekmäge borçlanýarys. Ýaşlaryň bilimli, giň dünýägaraýyşly, kämil nesil bolup ýetişmegi ugrunda dünýä nusgalyk işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Suraý Agageldiýewa,
Türkmenabat şäherindäki 26-njy orta mekdebiniň türkmen dili we edebiýaty mugallymy,
Kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramasynyň işjeň agzasy.