Ýurdumyzda ýaş nesillere berilýän bilimiň hilini gowulandyrmak, ugurlaryny giňeltmek, mazmunyny çuňlaşdyrmak babatda möhüm işler alnyp barylýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, olary okuw dersleri boýunça dürli bäsleşiklere taýýarlamak, olaryň üstünlikli çykyş etmeklerini gazanmak wajyp wezipeler bolup durýar. Şu nukdaýnazardan, giň dünýägaraýyşly, ruhubelent ýaş nesli kemala getirmek, orta mekdepleriň okuwçylarynyň okuw derslerine gyzyklanmalaryny ýokarlandyrmak, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak hem-de olary höweslendirmek maksady bilen dürli bäsleşikler geçirilip durulýar.
Biz hem şeýle bäsleşikleridir duşuşyklary ýygy-ýygydan geçirip durýarys. Ýakynda bilim-terbiýe ojagymyzda «Salam, kitap hepdeligi» atly hepdelik geçirildi. Hepdeligiň dowamynda biz dürli çeperçilik eserlerini, türkmen şeýle hem dürli dillere terjime edilen ertekileri okuwçylary ýakyndan tanyş etdik, hem-de kitap sergisini guradyk. Hepdelikde bilim ojagymyzyň türkmen dili we edebiýaty mugallymy Kümüş Bäşimowa, şeýle-de gurnak ýolbaşçysy Mähriban Ýoldaşowa dagylar okuwçylary Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dürdäne eserleri bilen bir hatarda dürli dillerde terjime edilen kitaplary bilen ýakyndan tanyşdyrdylar.
Hepdeligiň ahyrynda bu ýerde bäsleşik hem guraldy. Körpelerde medeniýete, sungata söýgini döretmek, olaryň sözleýşini ösdürmek, zehinli çagalary ýüze çykarmak maksady bilen geçirilen bu bäsleşige bilim ojagymyzyň okuwçylary hem-de şäherimizdäki 2-nji kömekçi mekdep internadynyň okuwçylary gatnaşdylar. Bäsleşigiň şertleri boýunça körpeler goşgy, aýdym aýtmakda, degişme sahnasyny ýerine ýetirmekde, şeýle-de goşgy labyzly okamakda bäsleşdiler. Şonuň ýaly-da okuwçylar türkmen halk ertekisini gürrüň bermekde hem-de ertekidäki gahrymanlary häsiýetlendirmekde öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler, hem-de ertekini sahnalaşdyrdylar. Bäsleşigiň şertleri boýunça emin agzalar okuwçylaryň zehinlilerini ýüze çykardylar. Okuwçylara ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. Hepdelige gatnaşanlar okamaga, öwrenmäge döredip berýän ajaýyp mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekde hoşallygyny bildirdiler.
Gurbangül RAHMANOWA,
Türkmenabat şäherindäki 4-nji kömekçi mekdep internadynyň kitaphanaçysy.


