BIZE YAZYARLAR

Bilimli nesil – geljegimiziň hakyky eýeleri

Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygy bilen ata Watanymyzda dürli pudaklar boýunça uly işler gazanylyp, röwşen geljege sary bedew bady bilen öňe barylýar. Şol bir sanda bilim ulgamyndaky özgerişikler hem bizi buýsandyrýar. Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny ösdürmek, ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemek esasy wezipeleriň biri hasaplanýar. Döwrüň talaplaryna laýyklykda, bilim ulgamynda täze sepgitlere ýetmek üçin, ýaş nesli milli ruhda terbiýelemek zerurdyr.
Biz hem jogapkärli işimizde Gahryman Arkadagymyzyň ýörelgelerinden ugur alyp, çagalara medeni mirasymyza söýgüni, asylly maşgala däplerini, ululara sylag-hormat goýmagy, lebzihalallygy, myhmansöýerliligi, adalatlylygy öwredýäris. Çaga terbiýesinde Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň ajaýyp eserlerinden we nusgawy edebiýatymyzdan hem çagalar bilen geçýän sapaklarymyzda giňden peýdalanýarys. Milli Liderimiziň döwet galamyndan çykan, çuňňur many-mazmuna ýugrulan eserlerinde milli gymmatlyklarymyz hakynda köp maglumatlar bar. Çagalaryň dil baýlygyny ösdürmekde, olaryň ruhy taýdan baý, kämil ösmekleri üçin türkmen halk ertekileri bilen bir hatarda Magtymguly Pyragynyň goşgulary hem watançylyk, mertlik, batyrlyk ýaly duýgularynyň artmagyna uly itergi berýär.


Türkmen halkynyň gözbaşyny gadymy döwürlerden alyp gaýdýan baý edebi mirasy bar. Ata-babalarymyz milletiň edep-kadalaryny, terbiýe ýörelgelerini işläp düzüp, olary nakyllara we atalar sözlerine siňdiripdirler. Olar tutuşlygyna diýen ýaly edep-terbiýä ýugrulan. «Çaga eziz, edebi ondan hem eziz» diýlişi ýaly, atalarymyz edebi, terbiýäni ähli zatdan ýokarda goýupdyrlar. Bu barada Magtymguly Pyragy:
«Aryf bolsa aslyn sorama ýigidiň,
Edebinden, ekramyndan bellidir»
diýip, ynsanyň edebiniň onuň adamkärçiliginiň, dünýägaraýşynyň, sowatlylygynyň ähli zatdan gymmatlygyny aýdýar.
Terbiýe örän köp taraply düşünje bolup, onda esasan, ýaş nesilleri umumadamzat gymmatlyklaryna daýanýan, ata-babalarymyzyň asylly däpleriniň, milli edep ýörelgeleriniň esasynda terbiýeläp ýetişdirmek zerurlygy öňe sürülýär. Gahryman Arkadagymyzyň kämil nesili terbiýeläp ýetişdirmek dogrusynda «Älem içre at gezer» atly romanynda we beýleki eserlerinde nygtap geçýär. Bu şygara öwrülen ganatly sözler bilim-terbiýeçilik işi bilen meşgullanýan terbiýeçilere, mugallymlara, her bir ata-enä baş ýörelge bolup hyzmat edýär.
Geljekde-de Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň ýaşlar barada edýän hossarlyk aladalaryna jogap edip, ösüp gelýän ýaş nesli ata Watanymyza gerekli, ylymly-bilimli, hünärli bolup ýetişmeklerini gazanmak üçin yhlasly zähmet çekeris. Şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän milli Liderimiziň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag bolsun. Il-ýurt bähbitli tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin.

Almira Rüstemjanowa,
Çärjew etrabyndaky 5-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.