BIZE YAZYARLAR

Bilimli nesil ― nurana geljegimiz

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda alnyp barylýan oňyn döwlet syýasaty netijesinde bilim ulgamy täze ösüşlere eýe bolýar. Ýaş nesli döwrebap bilim-terbiýe bilen üpjün etmek, giň dünýägaraýyşly, ýokary taýýarlykly hünärmenleri kemala getirmek döwletimiziň ileri tutulýan maksatlarynyň biri bolup durýar. Şonuň netijesinde ýurdumyzda bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli pugtalandyrylýar, häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän täze okuw jaýlary gurlup ulanmaga berilýär.
Soňky ýyllarda mekdeplerde, çagalar baglarynda, ýokary okuw mekdeplerinde sanly tehnologiýalar giňden ornaşdyryldy. Okuw otaglary döwrebap kompýuterler, interaktiw tagtalar, barlaghana enjamlary bilen üpjün edildi. Okuw maksatnamalary halkara tejribeler esasynda kämilleşdirilýär, daşary ýurt dillerini, takyk we tebigy ugurly dersleri çuňňur öwretmäge uly üns berilýär. Bu bolsa ýaşlaryň bilim derejesiniň ýokarlanmagyna, olaryň halkara bäsleşiklerine gatnaşyp üstünlik gazanmagyna giň ýol açýar.
Mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak ugrunda hem netijeli işler alnyp barylýar. Olar üçin yzygiderli okuw maslahatlary, usuly seminarlar geçirilýär, döredijilikli zähmet çekmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Bilim işgärleriniň jemgyýetdäki abraýynyň artmagy, olaryň zähmetine berilýän ýokary sarpa döwlet syýasatynyň ynsanperwer häsiýetini görkezýär.
Biz, bilim işgärleri, ýurdumyzda bilim ulgamynyň ösdürilmegine gönükdirilen şeýle giň gerimli işlere çuňňur buýsanýarys. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýaş nesliň döwrebap bilim almagy, bagtyýar geljegi üçin döredilýän şertler Watanymyzyň nurana ertirleriniň berk binýadydyr. Şeýle beýik ynama mynasyp bolup, ýaşlara kämil bilim bermek ugrunda mundan beýläk-de yhlasly zähmet çekeris.

Arzuw NURYÝEWA,
Çärjew etrabynyň ýöriteleşdirilen 31-nji orta mekdebiniň mugallymy.