BIZE YAZYARLAR

Bilimli nesil ― durmuş çyragy

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çuň parasaty bilen berkarar Diýarymyzda ylym-bilimiň ösdürilmegi, maglumat tehnologiýalarynyň, bu ugurdaky öňdebaryjy tejribeleriň giňden ornaşdyrylmagy ýaşlaryň bilim derejesini we döredijilik kuwwatyny has-da ýokarlandyrdy. Gahryman Arkadagymyzyň ylym-bilimdäki ösüşler babatda aýdan çuň manyly jümleleri bilim işgärleri üçin ýolgörkezijidir: «Ylym hem-de bilim adamzadyň bezegidir. Ähli döwürlerde beýik işler, beýik özgerişler ylmyň we bilimiň güýji bilen amala aşyrylypdyr. Ylma, döredijilige, zehine üns berilýän ýurt elmydama ösüşde, özgerişde, galkynyşda bolupdyr».
«Maglumatlar asyry» diýlip atlandyrylýan üçünji müňýyllykda ylym-bilim, nanotehnologiýalar we tehnologiýalar merkezleri, «akylly» şäherler, nou-haular hem-de sanly tehnologiýalar ýurdumyzyň durmuşynda giňden orun alýar. Munuň özi jemgyýetimiziň, biziň her birimiziň, aýratyn hem, ýaşlarymyzyň tutuş şäherlerimiziň aň-bilim, tehnologik taýdan has-da kämilleşmegine, beýik ösüşleriň çaltlandyrylmagyna oňaýly täsirini ýetirdi. Bilim edaralarynda okuw işleriniň hil derejesini has ýokarlandyrmaga mümkinçilik berdi. Milli Liderimiziň hut özi dürli döwletlere iş saparlarynda halkara derejeli ylym we bilim merkezleri bilen giň gatnaşyklaryň ýola goýulmagyny üpjün etdi. Şoňa görä-de, bu günki gün ýaşlarymyz dünýäniň ylym-bilim äleminde türkmen baýdagyny has-da belende galdyrýarlar.
Golaýda türkmen talyplary Halkara matematika we himiýa olimpiadalarynda üstünlikli çykyş edip, 46 medal gazanyp, ýurdumyzyň ylym-bilim kuwwatyny nobatdaky gezek dünýä äşgär etdi. Türkmen talyplarynyň şu ýylyň 25 — 28-nji ýanwary aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Buhara şäherinde geçirilen Halkara matematika olimpiadasynda (BIMO — 2026) hem-de Halkara himiýa olimpiadasynda (BIChO — 2026) üstünlikli çykyş etmekleri halkymyzy guwandyrdy.
Elektron sözlükleri we ensiklopediýalar, audio we wideo materiallary özünde jemleýän multimedia okuwlary, kitaplaryň elektron neşirleri, bilim saýtlary — bularyň bary islendik meseleler boýunça doly maglumat almaga mümkinçilik berýär. Kitaphanalarda döwrebap tehnologiýalar arkaly yzygiderli maglumat alyş-çalşygy ýola goýulýar we elektron kitaplar ulgamy hereket edýär. Kitaplar bilen üpjünçilik birkemsiz berjaý edilýär. Netijede, ylym-bilimiň çuňluklaryna aralaşýan, häzirki zamanyň öňdebaryjy tehnologiýalaryndan habarly, ýokary başarnykly täze nesil kemala gelýär.
Ýurdumyzy ylymlar we bilimler mekanyna öwürýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Göwher KURBANOWA,
Çärjew etrabynyň ýöriteleşdirilen 31-nji orta mekdebiniň mugallymy.