Gahryman Arkadagymyzyň halkymyz, şeýle-de bütin adamzat ähmiýetli başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz ylym-bilimde, ykdysadyýetde, medeniýetde, durmuş ulgamlarynda, daşary syýasatda, umuman, ähli ugurlarda uly ösüşlere, özgerişlere eýe bolýar.
Ösüp gelýän nesil baradaky alada döwletimiziň syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Çagalary ynsanperwerlik ýörelgeleri esasynda terbiýelemek, fiziki we intellektual ösüşini üpjün etmek üçin ähli şertler döredilýär. Watanymyzyň röwşen geljegi bolan ýaş neslimizi eziz Watanymyza bolan uly buýsanç, söýgi we hormat goýmak ruhunda terbiýelemek, döwrebap ylym-bilim bermek ýurdumyzda alnyp barylýan ýaşlar syýasatynyň baş maksadydyr. Şeýle
nurana maksatlary nazarlaýan başlangyçlary durmuşa ornaşdyrýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik işleriniň netijesinde ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamy hem dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine ýetirilýär. Täze ýörite we ýokary okuw mekdepleri açylýar, täze hünär ugurlary boýunça hünärmenler taýýarlanylýar, ylym-bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalanýar, ýaşlary okatmagyň, şeýle-de täze hünärlerde işlemegiň döwrebap usullary giňden peýdalanylýar. Ýaşlara döwrebap terbiýe bermek boýunça işler milli
ýörelgelerimiz, ruhy gymmatlyklarymyz baradaky düşünjeler bilen utgaşyklylykda baýlaşdyrylýar.
Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda şeýle diýilýär: «Terbiýe we tejribe — ynsan ykbalynyň goşa ganaty. Alan terbiýämiz ykbalymyza, alnymyza täsir edýär. Amal edýän her işimiz tejribämize öwrülýär. Tejribe bolsa diňe özüň gazanylýan, ýöne il-gün bilen paýlaşylýan hazynadyr. Gowy zatlar, il-halka ähmiýetli zatlar paýlaşyldygyça, olaryň berekedi artmak bilen bolýar».
Bu gün türkmen ýaşlary doganlyk halklaryň wekilleri bilen erkin sözleşmäge, gatnaşykda bolmaga mümkinçilik alýarlar. Olar halkara derejede geçirilýän intellektual ýaryşlara gatnaşýarlar, bäsleşiklerde üstünlik gazanyp, geljegimiziň eýeleri bolan neslimize buýsanjymyzy artdyrýarlar. Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda hem talyplara daşary ýurt dilleriniň ençemesi boýunça bilim berilýär. Dünýäniň dürli dillerinde sözleşip-habarlaşyp, doganlyk halklar bilen ýakyn hyzmatdaşlygy berkitmäge ukyby bolan hünärmenler ýetişdirilýär.
Ilmira ÝULMATOWA,
Darganata etrabyndaky 11-nji orta mekdebiň mugallymy.
