Ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek bilen bir hatarda, bu ugurda iş alyp barjak bilimli, hünärine wepaly, ynsanperwer ýaş hünärmenleri taýýarlamaga hem aýratyn ähmiýet berilýär. Türkmenabat lukmançylyk orta okuw mekdebinde mugallym bolup zähmet çekýän bizler ýaşlara diňe bir nazary bilim bermek bilen çäklenmän, eýsem olarda adam saglygyna jogapkärli garamak, mähirlilik, takyklyk, arassaçylyk we hünär edebini kemala getirmek ugrunda hem yhlas edýäris.
Lukmançylyk hünäri aýratyn jogapkärçiligi talap edýär. Bu ugra gelen ýaş adam ilki bilen ynsana hyzmat etmegiň belent manyly işdigine düşünmelidir. Şonuň üçin okuw sapaklarynda talyplara anatomiýa, fiziologiýa, ilkinji lukmançylyk kömegi, arassaçylyk, keselleriň öňüni alyş çäreleri ýaly ugurlar öwredilýär. Amaly sapaklar bolsa olaryň geljekde saglygy goraýyş edaralarynda ynamly iş alyp barmagyna berk binýat döredýär.
Häzirki döwürde lukmançylyk biliminde döwrebap tehnologiýalardan peýdalanmak, nazaryýeti tejribe bilen utgaşdyrmak, ýaşlarda özbaşdak pikirlenmek we jogapkärçilik duýgusyny ösdürmek aýratyn möhümdir. Sebäbi ertirki gün ilatyň saglygyny gorajak orta lukmançylyk işgärleriniň taýýarlygy diňe okuw otagynda däl, eýsem olaryň kalbynda hünäre bolan söýginiň döremegi bilen hem ölçenýär.
Mugallym üçin iň uly buýsanç — öz okuwçysynyň halkyň hyzmatynda abraý bilen zähmet çekýändigini görmekdir. Biz hem ýaş nesliň Watanymyza, halkymyza, lukmançylyk kasamyna wepaly hünärmenler bolup ýetişmegi üçin bilimimizi, tejribämizi we yhlasymyzy gaýgyrmaýarys. Çünki sagdyn jemgyýetiň binýady bilimli, edepli, ynsanperwer saglygy goraýyş işgärlerinden başlanýar.
Nigara BERDIÝEWA,
Türkmenabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mugallymy.

