Täze okuw ýylyna taýýarlanan “Bilimli” atly noutbuklaryň tehniki häsiýetlerinde öňki ýyllardakylardan öňe gidişlikler bar. Olaryň operasion ulgamy Android 15.0 + Google service ulgamyna çenli ýokarlandyryldy. Şeýle hem operatiw ýady DDR4 6 Gb çenli artdyryldy. Wi-Fi we Bluetooth mümkinçilikleri döwrebaplaşdyrylyp, sanly bilim ulgamyna has amatly derejede
laýyk getirildi.
Bu kompýuterlerde okuwçylaryň ukyp-başarnyklaryny ösdürmäge gönükdirilen ýörite okuw programmalar ornaşdyryldy. “Älemgoşar”, “Kitaphana”, “Meniň Watanym”, “Elipbiý” ýaly oýun görnüşindäki okuwly programmalaryň kömegi bilen çagalaryň giň dünýägaraýyşly, döwrebap bilimli şahsyýetler bolup ýetişmeklerine giň mümkinçilikler döredilýär. Şeýle sowgatlar bolsa täze okuw
ýylynyň başlanmagyny has-da şatlykly we toý däp-dessuryna öwürýär.
