BIZE YAZYARLAR

Bilimiň ýeten belent sepgitleri

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygy bilen bilim ulgamynyň täze hil derejesinde döwrebaplaşdyrylmagy netijesinde okuw işine möhüm täzelikler girizilýär. Milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklary üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak wezipelerinden ugur alnyp, ýurdumyzda himiýa, biologiýa we beýleki dersleri çuňlaşdyrylan görnüşde okatmaga gönükdirilen ýöriteleşdirilen orta mekdepler döredilýär. Mekdep okuwçylarynyň daşary ýurt dillerini öwrenmek meýilnamasynyň ýaýrawyny has giňeltmek baradaky çözgüt bu ugurda nobatdaky möhüm ädim boldy, munuň özi köpugurly halkara hyzmatdaşlygynyň geriminiň işjeň giňeldilýändigi hem-de okgunly ösýändigi esasynda durmuşa geçirilýär. Rus, iňlis, fransuz, nemes, hytaý we ýapon dilleri çuňňur öwrenilýän okuw mekdepleri üstünlikli hereket edýär.
Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyjy bilen bilim ulgamynda amala aşyrylýan innowasiýa özgertmeleriniň aýdyň netijeleriniň biri hem Türkmenistanyň mekdep okuwçylarynyň dürli ders ugurlary boýunça abraýly halkara bäsleşiklerinde ýylyň-ýylyna gazanýan ýeňişleridir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň oýlanyşykly hem öňdengörüjilikli baştutanlygynda eziz Diýarymyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän giň möçberli özgertmeleriň netijesinde agzybir halkymyz eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşaýar. Amala aşyrylýan il-ýurt bähbitli işler ösüşiň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen okgunly gadam urýan ülkämizi mundan beýläk-de beýik sepgitlere ýetirmekde uly ähmiýete eýedir.
Güneşli Diýarymyzyň bagtyýar ýaşlary ertirki gün ýurdy beýgeltjek, türkmen döwletini gülletjek biziň oglan-gyzlarymyzdyr. Olaryň joşgunly hyjuwy, Watana bolan söýgüsi, halal zähmete yhlasy, şu güne buýsanjy, röwşen geljege ynamy, sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarlygy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik ynsanperwer işleriniň beýanydyr. Hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli başlangyçlary esasynda ülkämiziň durmuş-ykdysady ösüşiniň, halkymyzyň abadançylygyna gönükdirilen giň möçberli oňyn özgertmelere beslenýär. Şeýle özgertmeler bolsa türkmen jemgyýetini hemmetaraplaýyn durnukly ösdürmäge, ýaş nesilleriň sazlaşykly ösmegi, döwrebap bilim-terbiýe almagy, zehinleriniň açylyp, ukyp-başarnyklarynyň ýüze çykmagy üçin has amatly şertleri döretmäge gönükdirilýär. Biziň mekdebimiziň mugallymlary hem okuwçylara döwrüň ösen talabyna laýyk bilim bermekde yhlaslaryny gaýgyrman zähmet çekýärler. Ýaşlaryň çuňňur bilim almaklary, geljek-de ýurdumyza, hormatly Prezidentimize wepaly, ylymly-bilimli ýaşlar bolup ýetişmekleri ugrunda içgin aladalanýan bilim işgärlerimiziň çeken zähmetleri bolsa öz datly miwesini berip dur.
Ýurdumyzyň watansöýüji ýaş oglan-gyzlary görelde mekdebine eýerip, agzybirlikde, abadançylykda, bagtyýarlykda, asudalykda ýaşaýarlar, döwrebap bilim-terbiýe alýarlar. Hemişelik Bitarap Watanymyzyň gülledip ösdürmek, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, kämil bilimli, sagdyn bedenli, zähmetsöýer, ruhubelent ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek, röwşen geljegi üpjün etmek ýaly asylly maksatlary durmuşda ähli zatdan ileri tutýan Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize hoşallygymyzyň çägi ýokdur.

Oguljan JUMAKULYÝEWA,
Çärjew etrabyndaky ýöriteleşdirilen 39-njy orta mekdebiň himiýa mugallymy.