BIZE YAZYARLAR

Bilimiň ösüşi — beýik maksatlara eltýän ýol

2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilmegi her bir raýatda bolşy ýaly, bilim işgärlerinde hem uly ruhubelentlik döretdi. Bu şygar ýurdumyzyň taryhy ösüş ýolunyň, milli gymmatlyklarymyzyň we geljege bolan ynamymyzyň aýdyň beýanydyr. Bilim ulgamynda zähmet çekýän adamlar hökmünde biz bu şygaryň many-mazmunyny ýaş nesliň aňyna siňdirmeklige aýratyn ähmiýet berýäris.
Bilim — jemgyýetiň ösüşini üpjün edýän esasy binýatdyr. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň bilim edaralarynda düýpli özgertmeler amala aşyryldy, okuw-terbiýeçilik işleriniň mazmuny döwrebaplaşdyryldy. Bu bolsa ýaşlaryň giň dünýägaraýyşly, watançylyk ruhunda terbiýelenmegine berk esas döretdi. Şu ýylda geçirilýän sapaklarda, çärelerde hem Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň gazanan üstünlikleri giňden wagyz edilýär.
Bilim işgärleri hökmünde biz bu şygar bilen bagly işleri diňe bir gürrüň bilen çäklendirmän, ony amal bilen hem subut etmegi maksat edinýäris. Ýaşlara bilim bermek bilen bir hatarda, olary öz Watanyna wepaly, ruhy taýdan kämil şahsyýetler edip ýetişdirmek biziň baş maksadymyzdyr.

Saýýara HOJAKULYÝEWA,
Çärjew etrabyndaky 4-nji orta mekdebiň mugallymy.