Hormatly Prezidentimiz ýurduň ykdysady kuwwatyny artdyrmak, ony ösen döwletleriň hataryna goşmak üçin ylymly-bilimli, ruhy taýdan baý, beden taýdan sagdyn, maksada okgunly, häzirkizaman öňdebaryjy tehnologiýalardan baş çykarýan, Watana wepaly, kämil nesli kemala getirmegi bilim işgärleriniň baş wezipesi hökmünde kesgitleýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamyny kämilleşdirmek boýunça kabul edilýän kadalaşdyryjy hukuknamalar toplumlaýyn we yzygiderli häsiýete eýedigi bilen tapawutlanýar. Bu hukuknamalaryň raýatlarymyzyň bilim almaga bolan konstitusion hukugyny üpjün etmek, goramak hem-de bilim ulgamynyň üznüksiz işlemegi, ösmegi üçin hukuk kepilliklerini döretmek ýaly esasy wezipeleri bardyr.
2021-nji ýylyň 5-nji iýunynda “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi bilim ulgamynyň döwrebap derejede kämilleşdirilýändigini tassyklaýar. Agzalan Kanunyň bilim babatda gatnaşyklaryň hukuk esaslaryny düzgünleşdirýär we döwlet syýasatynyň ýörelgelerini, şeýle hem bilim ulgamynyň maksatlaryny, wezipelerini, ýerine ýetirýän işlerini we onuň işini dolandyrmagyň guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär.
Täze kabul edilen Kanunyň 1-nji maddasynda: “Bilim almak hukugy adamyň esasy we aýrylmaz konstitusion hukuklarynyň biri bolup durýar. Jemgyýetiň ruhy, durmuş, ykdysady we medeni ösüşiniň esasy hökmünde bilim kämilleşdirmek Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bilim Türkmenistanyň ýaş neslini terbiýelemek we okatmak babatda şahsyýetiň, jemgyýetiň, döwletiň isleglerini kanagatlandyrmaga esaslanýan maksatlaýyn we ulgamlaýyn işiniň binýadydyr” diýilip kesgitlenýär.
Kanunyň 9-njy maddasynda bilimiň derejeleri kesgitli beýan edilýär. Umumybilim maksatnamalary boýunça bilimiň mekdebe çenli bilim, umumy orta bilim, başlangyç bilim, esasy orta bilim, doly orta bilim ýaly derejeleri bellenilýär.
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň Garaşsyzlyk ýyllary içinde asyrlara ýaň salan ägirt uly sepgitlere ýetdi. Garaşsyz Türkmenistana onuň gadymy hem müdimi türkmen halkyna dünýä bileleşiginiň garaýşynyň düýpgöter üýtgedi.
Her bir döwlet ylymly, sowatly kämil hünärmenlere bil baglaýar. Olaryň jogapkärli kärlerinde öz işine bütin durky bilen berlip, çekýän halal, päk zähmeti halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyryp, ýurduň syýasy-ykdysady binýadyny berkidip, ynsan durmuşyny baýlaşdyrýar, ýokary derejä çykarýar.
Ýurdumyzyň gülläp ösmegi üçin arman-ýadaman zähmet çekýän hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, il-ýurt bähbitli tutumly işleri hemişe rowaç alsyn!
Jomart KOWUSOW,
Türkmenabat şäher prokuraturasynyň uly sülçisi, 3-nji derejeli ýurist.

