BIZE YAZYARLAR

Bilimiň hormaty

Bal arylary bilen ynsan balasynyň arasynda nähili tapawudyň bardygy hakynda oýlanyp gördüňizmi? Ýigrimi günlük bal arylarynyň gülden güle gonup bal ýygnaýşyna kän gezek gabat gelensiňiz. Ynsan balasy bolsa, iki ýaşynda aýakda durýar we gürlemegi öwrenip başlaýar. 6-7 ýaşynda mekdebe barýar we okamagy, ýazmagy öwrenip başlaýar. 

Ýörite we ýokary okuw mekdeplerini tamamlaýança hem okap öwrenýär. Çünki ynsan ýaşamak üçin durmuşy we ynsanlary öwrenmäge mätäçdir. Peýda bilen zelelňi nämedgini öwrenmäge mejburdyr. Bal arylary bolsa kämil edilip ýaradylypdyr. Biz durmuş üçin ýigrimi gün däl, ýigrimi ýyl hem öwrenmäge mätäç. 

Bilim azykdyr, Akyl bilen kalp onuň bilen iýmitlenýär. Bilimsizlik ähli ýamanlyklaryň gözbaşydyr. Nadan adam özüne iň uly ýamanlygy yglan edýär. Jahyl kişiniň dik durup bilmeýän gapdan parhy ýokdur. 

Sagdy Şirazy bilimsizligi dowula meňzedipdir. Onuň owazy belendem bolsa, içi boşdur. Akyl sandygy gözel düşünjeler we bilim jöwherleri bilen doldurylmasa, peýdasyz we zyýanly närseler bilen dolýar. Ynsanyň gadyry bilim bilen beýgelýär. 

Bilmezlik aýyp däldir, ýöne öwrenmäge ymtylmazlyk aýypdyr. Ibn Masudyň bilmeýän zadyny biljek bolmagy hem ylymdyr diýip ýazypdyr. Çünki ynsan bilmedigini bilse, öwrenmäge ymtylýar. 

Ähli şowsuzlyklary bilim bilen ýeňmek mümkindir. Çünki bilimsizlik bilen gidilen ýoluň ahyry haýyrly bolmaýar. 

 Muhabbat Gapurowa, 

Çärjew etrabyndaky 53-nji orta mekdebiň başlangyç synp mugallymy.