Bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak, dünýä derejesine laýyk bolmagyny gazanmak maksady bilen, sanly bilim ösüşi çaltlandyrylýar. Ýurdumyzyň bilim edaralarynda sanly bilim ulgamynyň goruny döretmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şu güne çenli bilim işgärleri we okuwçylar baradaky maglumatlaryň elektron toplumynyň gorlary baýlaşdyrylýar we üsti ýetirilýär. Sanly bilim ulgamynyň tor maksatnama üpjünçiliginiň, onuň binýadynda sanly bilim portalyny döretmekligiň, bilim we terbiýeçilik edaralarynda sanly tehnologiýalaryň, ýokary tizlikli internet ulgamynyň giňden ornaşdyrylýar. Mekdeplerde internet ulgamynyň ornaşdyrlmagy oňat netije berýär.
”Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň” talaplary hem netijeli durmuşa geçirilmegi bilimiň hiliniň ýokary bolmagyny üpjün etmek bilen, ýaşlara dünýä derejesinde bilim-terbiýe bermäge giň ýol açýar. Mugallymlar we terbiýeçiler sapaklarda innowasion tehnologiýalardan we işjeň usullardan netijeli peýdalandylar.
Bilim azykdyr, Akyl bilen kalp onuň bilen iýmitlenýär.
Akyl sandygy gözel düşünjeler we bilim jöwherleri bilen doldurylmasa, peýdasyz we zyýanly närseler bilen dolýar. Ynsanyň gadyry bilim bilen beýgelýär.
Bilmezlik aýyp däldir, ýöne öwrenmäge ymtylmazlyk aýypdyr. Ibn Masut bilmeýän zadyny biljek bolmagy hem ylymdyr diýip ýazypdyr. Çünki ynsan bilmedigini bilse, öwrenmäge ymtylýar. Ähli şowsuzlyklary bilim bilen ýeňmek mümkindir. Çünki bilim bilen gidilen ýoluň ahyry haýyrly bolýar.
Gahryman Arkadagymyzyň ”Älem içre at gezer” atly kitabynda: ”Mugallym çaganyň kir-kimirsiz, arassaja düşünjesine düýp alsyn diýip bilimiň tohumlaryny sepýär, munuň üçin ylhamyny, zähmetini, bilimini sarp edýär. Diňe öz ömrüni bu käre bagyşlan adamlar öz zähmetiniň netijesini görmegiň nähili ýakymlydygyny bilerler” diýip belleýär. Şeýle arzyly käriň eýeleri bolan mugallymlar üçin okuwçylaryň kämillige sary basýan gadamlaryna dahylly bolmak iň uly bägtdyr.
Jennet AZADOWA,
Saýat etrabynyň 36-njy orta mekdebiniň rus dili mugallymy.
