Bilime söýgi çagalykdan başlanýar
Bagtyýar çagalygyň, iň arzyly islegleriň hasyl bolýan ýurdy hökmünde ykrar
edilýän eziz Diýarymyzda ýaş nesiller aýratyn üns-alada bilen gurşalýar.
Döredilýän giň mümkinçilikler, döwrebap şertler olaryň berk bedenli, sagdyn
ruhly, giň gözýetimli, watansöýüji, ilhalar adamlar bolup ýetişmeklerinde örän
uly ähmiýete eýedir. Şunda ýaşlaryň häzirki zaman derejesinde bilim almaklaryna, ylmyň soňky gazananlaryndan habarly, döwrebap tehnologiýalardan baş çykarýan ökde hünärmenler bolup ýetişmeklerine-de
möhüm ähmiýet berilýändigini bellemek gerek.
Ýurdumyzyň ähli pudaklarynda gazanylan sepgitler bilen bir hatarda, milli bilim
ulgamy babatda hem bellenilenler bizi has-da buýsandyrýar. Ýeri gelende
aýtsak, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz
baý mazmunly çykyşynda: «Garaşsyz döwletimiziň we agzybir jemgyýetimiziň
ösüşi ylym, bilim hem-de medeniýet bilen berk baglydyr» diýip, bu ulgamlaryň
sazlaşykly işini jaýdar häsiýetlendirdi. Şeýle-de Alym Arkadagymyzyň
«Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň
usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýa» esasynda bilim işini halkara ölçeglere laýyk kämilleşdirmäge badalga berendigini bellemegi, bu
ulgama degişli döwlet resminamalaryndan gelip çykýan wezipeleriň ýokary
derejede durmuşa geçirilýändigini alamatlandyrýar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýaşlary ylym-bilime höweslendirmegiň hut
çagalar baglaryndan başlanmalydygyny nygtaýar. Hormatly Prezidentimiziň
degişli tabşyryklary esasynda, ýurdumyzda bu ugurda döwrebap özgertmeler,
netijeli işler durmuşa geçirilýär. Bilim ulgamynda innowasion tehnologiýalardan
peýdalanylyp, interaktiw usulda okuw-görkezme esbaplary, audio-wideo
materiallary taýýarlamak we okuw işinde ulanmak giň gerime eýe bolýar.
Häzirki wagtda ýurdumyzda döredilýän orta we ýokary okuw mekdepleri diňe
bir döwrebap bilimli, sazlaşykly ösen ýaşlary taýýarlamak üçin talabalaýyk
enjamlaşdyrylan okuw merkezleri bolmak bilen çäklenmän, milletimiziň aň-
bilim kuwwatyny doly açmak, jemgyýetimiziň medeni we ruhy ösüşiniň,
Watanymyzyň mundan beýläk-de durmuş-ykdysady abadançylygynyň ygtybarly
binýady hem bolup durýar. Ýokary bilimiň milli ulgamy halkara derejä çykýar.
Halkara şertnamalar esasynda ýaşlarymyz isleg bildirýän ugurlary boýunça
daşary ýurtlaryň okuw mekdeplerinde bilim alýarlar.
Ýurdumyzda ýaş nesilleriň hut çagalar baglaryndan başlap döwrebap derejede
bilim almaklary babatda taýsyz tagallalar edýän we bu ugurda ähli şertleri
döredip berýän hormatly Prezidentimiziň hem-de Milli Liderimiziň janlarynyň
sag, ömürleriniň uzak, tutumly işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw
edýäris.
Rana HASANOWA,
Çärjew etrabynyň daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen
39-njy orta mekdebiniň türkmen dili we edebiýaty mugallymy.