«Bilim» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy
Ýakynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň «Bilim» ylmy-usuly žurnalynyň 2024-nji ýyldaky 6-njy sany çapdan çykdy. Žurnalda ýerleşdirilen makalalar «Ýurdumyzyň syýasy, ykdysady we medeni durmuşy», «Ylmy makalalar», «Mekdebe çenli terbiýe», «Umumybilim berýän mekdep», «Ýokary bilim» atly rubrikalarda berildi.
Makalalarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň syýasy, ykdysady we medeni durmuşynda, ylym-bilim, terbiýe ulgamlarynda alnyp barylýan işler, ýetilen belent sepgitler, okuw, usulyýet ulgamyndaky täzelikler, şeýle hem bu ugurlardan öňde durýan wezipeler beýan edilýär. Dürli dersler boýunça çap edilen makalalar terbiýeçilere we mugallymlara işlerinde ýakyn gollnanma bolup hyzmat eder.