Bilim we terbiýeçilik edaralarynda ýyladyş ulgamlary saz işledilýär
Çärjew etrabynyň bilim we terbiýeçilik ojaklarynda binalary gyşky ýyladyş
möwsümine taýýarlykly gelindi. Möwsümiň öňüsyrasynda degişli gulluklar,
edaralar tarapyndan ýyladyş ulgamlary doly gözden geçirilip, abatlamaga
degişli bolanlary abatlanylyp, möwsüme taýýar edildi. Şu günler bolsa bu
ulgamlaryň ählisi sazlaşykly işledilýär. Ýyly binalar okuw we terbiýeçilik işlerini
göwnejaý alyp barmaga mümkinçilik berýär.
Baharyň ilkinji günlerine çenli dowam etjek ýyladyş möwsümi üçin mekdeplere
we çagalar baglaryna degişli hünärmenler işe kabul edildi. Olar ulgamlaryň işine
gije-gündizleýin gözegçilik edip, ýyladyş möwsüminiň bökdençsiz amala
aşyrylmagyny üpjün edýärler.