BIZE YAZYARLAR

Bilim we terbiýe bagtyň açary

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli bilim ulgamy ösüşiň täze tapgyryna gadam basdy. Ýurdumyzyň bilim ulgamyndaky özgerişler sanly we innowasion tehnologiýalara, dünýäniň öňdebaryjy tejribesine we halkymyzyň milli ýörelgelerine esaslanýar. Ýurdumyzyň bilim-terbiýeçilik edaralarynda daşary ýurt dillerini, şeýle hem, tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň konsepsiýalaryna laýyklykda, bagtyýar ýaşlarymyza halkara ülňülerine gabat gelýän bilim-terbiýe berilýär.
Çagalaryň döwrebap bilim, terbiýe almaklarynda, kämil şahsyýetler bolup ýetişmeklerinde ýurdumyzda hereket edýän bilim edaralarynyň ähmiýeti örän uludyr. Täze taryhy döwürde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bina edilýän kämil innowasiýalar we tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan çagalar baglarydyr mekdepler, ýokary okuw jaýlary milli bilim ulgamynyň mizemez binýadyny kemala getirýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň binýadyny berkden goýan bilim ulgamy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda döwrebap derejede ösdürilýär.
Okamak, bilim almak – bize ata-babalarymyzdan galan mirasdyr. Pederlerimiz okamak, ylym öwrenmek bilen dünýä akyl ýetiripdirler. Dana atamyz Magtymguly Pyragynyň «Kitap okan gullar magnydan dokdur» diýen setirlerini okanymyzda hem geçmiş pederlerimiziň kitaba, ylym-bilime hormatynyň uludygyny bilmek bolýar. Bilim we ylym adamzat üçin müdimi zerurlyk bolan gymmatly baýlyk hasaplanýar. Ynsan hem gözlemek, gurmak, döretmek, dünýäni has gözelleşdirmek, kämillige tarap ösmek bilen, uly abraý-mertebe gazanýandyr.
Mekdebe çenli çagalar edaralarynda, orta we ýokary okuw mekdeplerinde berilýän bilimiň hili yzygiderli kämilleşdirilýär.
Hormatly Prezidentimiz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda şeýle belleýär: «Terbiýe we tejribe — ynsan ykbalynyň goşa ganaty. Alan terbiýämiz ykbalymyza, alnymyza täsir edýär. Amal edýän her işimiz tejribämize öwrülýär».
Bu sözler biziň öz işimize bolan ynamymyzy, söýgimizi artdyrýar. Bu jümlelerden her kim özüne geregini alýandyr. Biziň üçin bolsa bu jümleler bilim-terbiýeçilik edaralarynda zähmet çekýänleriň, mugallymlaryň hem terbiýeçileriň işine berlen örän adalatly baha bolup görünýär. Biz — mugallymlar ösüp gelýän nesle terbiýe berip, olara durmuş tejribämizi hem geçirýäris. Netijede, Watanyň geljekki
eýelerine, ýagny öz uçurym etjek oglan-gyzlarymyza goşa ganat berýäris. Elbetde, olar şondan soňam ýene bekemeli, kämilleşmeli. Ýöne Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň aýdyşy ýaly, maşgala we okuw-terbiýeçilik ýerleri, mekdepler nesilleriň il-ýurdumyza mynasyp adamlar bolup ýetişmeginde uly ähmiýete eýedir.
Ýurdumyzyň bilim-terbiýeçilik edaralarynda ýaş nesle berilýän bilimiň usulyýetini döwrebaplaşdyrmak babatda giň gerimli maksatnamalar durmuşa geçirilýär. Bilim bermegiň interaktiw usullary ýaşlaryň dürli ugurlar babatda kämilleşmegine itergi berýär.
Halkymyzyň geçmişini bilýän, döwletimiziň bu günki ýeten belentliklerine guwanýan, buýsanýan, ylymly-bilimli, berkarar Watanymyzy has-da beýgeltmäge ukyply hakyky watansöýüji nesilleri ýetişdirmek biziň baş maksadymyz bolup durýar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan ýaşlar baradaky syýasatynda mugallymlaryň hem üstüne uly borç ýüklenýär. Biz mugallymlar hem ýaş nesliň ahlak taýdan arassa, kämil terbiýeli, ylymly, bilimli bolmagy üçin öz gujur-gaýratyny gaýgyrmaly däldir. Şoňa jogap edip, biz bilim işgärleri ýaş nesliň Watanymyza, hormatly Prezidentimize wepaly bolup ýetişmegi hem-de dünýä ülňülerine laýyk bilim almagy üçin ähli şertleri döredýän Gahryman Arkadagymyza çäksiz sag bolsun aýdýarys!
Ýurdumyzyň bilim ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagy, ýaş nesliň ylym-bilim, giň dünýägaraýyşly ynsanlar bolup ýetişmegi ugrunda ägirt uly işleri amala aşyrýanGahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri mundan beýläk hem rowaçlyklara beslensin!

Gülnara JEPBAROWA we Firýuza BADIROWA,
Çärjew etrabynyň 10-njy orta mekdebiniň mugallymlary

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: