Häzirkizaman hukuk döwletiniň we raýat jemgyýetiniň kemala gelmeginde jemgyýetiň agzalarynyň ― döwletiň raýatlarynyň bilim-sowat derejesine, ylmy dünýägaraýşyna, ahlak häsiýetlerine aýratyn orun degişlidir. Kämil şahsyýeti terbiýelemekde häzirki zaman bilim-terbiýeçilik edaralarynyň paýyna möhüm wezipeler düşýär. Diýmek, bilim-terbiýeçilik ulgamyny kämilleşdirmek, nesil terbiýesine ünsi güýçlendirmek ugrunda döwletiň we jemgyýetiň edýän oňyn tagallalary hut şu nukdaýnazardan gözbaş alýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen amala aşyrylýan özgertmeleriň netijesinde ýurdumyzyň bilim-terbiýeçilik edaralarynda okatmagyň we terbiýelemegiň has netijeli usullary giňden ornaşdyrylýar. Bilim ulgamynda üstünlikli durmuşa geçirilýän özgertmeler dünýä ösüşi bilen aýrylmaz baglanyşykly bolup, türkmeniň milli terbiýeçilik ýörelgelerinden gözbaş alýar. Ýurdumyzda ýaş nesli intellektual, ylym we hünär taýdan başarnykly edip taýýarlamakda, asylly milli ruhy-ahlak ýörelgelerimiziň esasynda halal, päk ahlakly, watansöýüji, zähmetsöýer ynsanlar edip terbiýelemekde möhüm ähmiýetli maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýaşlara berilýän bilimiň hiliniň ýokarlandyrylmagy we usulyýetiniň yzygiderli kämilleşdirilmegi, bilim edaralarynyň işiniň döwrebaplaşdyrylmagy täze tehnalogiýalardan ussatlyk bilen baş çykarýan zehinli, ukyp-başarnykly ýaş nesliň, hünärmenleriň, alymlaryň kemala gelmeginiň möhüm şertidir. Oňyn bilim özgertmeleri bolsa ata Watanymyzyň öňe tarap okgunly ösmegine, durmuş-ykdysady taýdan täze belentliklere ýetmegine badalga berýär.
«Bilim bilen hikmet ― altyndan gymmat», «Bilim ― bagtyň açary», «Bilimli ozar, bilimsiz tozar» ýaly dana pähimlerden ugur alyp, döredijilikli zähmet çekýän ussat mugallymlarymyz öz zehinlerini, ukyp-başarnyklaryny ýurdumyzyň mundan beýläk hem gülläp ösmegine goşant goşjak kämil ýaşlary terbiýelemäge gönükdirýärler. Olar hormatly Prezidentimiziň ata Watanymyzy ösüşiň täze belentliklerine ýetirmek maksady bilen ylym-bilim ulgamynyň düýpli özgerdýän döwründe öz işlerini belent derejede guramaga çalyşýarlar. Milli bilim edaralarymyzyň ösüş derejesi, şeýle hem mugallymçylyk ylmynyň gazananlarynyň okuw-terbiýeçilik işine giňden ornaşdyrylmagy bilim edaralarynyň işine aýratyn öwüşgin çaýýar.
Ata Watanymyzda amala aşyrylýan ähli tutumly maksatnamalaryň özeninde hormatly Prezidentimiziň merdana hem zähmetsöýer halkymyza bolan beýik söýgüsi, watansöýüjiligi, gujur-gaýraty, dana-parasatly öňdengörüjiligi, ylmy garaýyşlary, döwlet möçberindäki tagallalary we üns-aladasy durýar. Ata Watanymyzy belent sepgitlere, merdana hem zähmetsöýer halkymyzy bagtyýar durmuşa ýetiren Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun, alyp barýan il-ýurt bähbitli tutumly işleri elmydama rowaçlansyn!
Mähri ORUNBAÝEWA,
Çärjew etrabyndaky 23-nji orta mekdebiň geografiýa mugallymy.

