Häzirki döwürde Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Watanymyz Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň netijesinde, bilim ulgamynyň mekdepden öňki, başlangyç, orta, ýörite orta we ýokary okuw mekdeplerinde okatmagyň usulyýetleri, şertleri, hili düýpli kämilleşdirilýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda çykaran Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmegiň Meýilnamasynda» hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň 2024-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda çykaran buýrugy bilen tassyklanan «Sanly bilimi, sanly ykdysadyýeti we kiberhowpsuzlygy ösdürmek boýunça Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan 2024-nji ýylda ýerine ýetirilmeli işleriň içki Meýilnamasynda» bellenilen wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, bilim edaralarynyň mugallymlarynyň ylmy-pedagogik işgärleriniň we hünärmenleriniň arasynda «Elektron okuw toplumlarynyň bäsleşigi» yglan edildi. Bu bolsa uzak aralykdan okuw tehnologiýalaryny ulanmak bilen, okuw işini guramagyň, bilim maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişiniň iň oňat, öňdebaryjy hem netijeli usullaryny saýlamaga giň mümkinçilikleri döreder. Häzirki wagtda sanly ulgam ýaşlaryň bilim almagynyň bir çeşmesidir. Soňky ýyllarda dürli platformalaryň üsti bilen ýokary, orta hünär okuw mekdepleriniň, şeýle hem mekdep okuwçylarynyň arasynda dürli görnüşli bäsleşikleri geçirmek asylly däbe öwrüldi. Ýaşlary hünäre ugrukdyrmakda, saýlap-seçip alan hünärlerine degişli dersleriň, daşary ýurt dilleri boýunça geçirilýän bäsleşikleriň sany artdy. Döwür bilim edaralarynyň mugallymlarynyň, ylmy-pedagogik işgärleriniň we hünärmenleriniň sanly ulgam arkaly bilim hem terbiýe bermegiň döwrebap usullaryny tapmakda döredijilikli çemeleşmeklerini talap edýär. 2030-njy ýyla çenli Gün tertibine laýyklykdaky Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin bilimiň hilini, şeýle hem pedagogik işgärleriň reýtingini ýokarlandyrmaga, maglumat tehnologiýalary esasynda bilim bermegiň usullaryny kämilleşdirmäge giň mümkinçilikleri açar. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 7-nji fewralynda geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerini 2024-nji ýyla çenli halkara derejeli ýokary okuw mekdepleriniň sanawyna goşmak barada beren tabşyrygy esasynda, «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşi, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 22-nji oktýabrynda çykaran Karary bilen tassyklanan «Döwlet ýokary hünär bilimi edaralary hakynda Düzgünnama» laýyklykda, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň buýrugy bilen ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň reýting bahalandyrmasy hakynda Düzgünnamanyň täze görnüşi tassyklandy. Bilim ulgamyny kämilleşdirmek işi meýilnamalaýyn, anyk öňde goýlan wezipeleri amal etmek bilen durmuşa ornaşdyrylýar.
Hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynda: «Eziz Watanyň, Garaşsyzlygyň, hemişelik Bitaraplygyň, berkarar döwletiň gadyr-gymmatyna düşünýän halk beýik halkdyr. Biziň halkymyz başarnykly halkdyr. Biz halkymyz bilen bilelikde beýik işleri bitirmäge ukyplydyrys» diýip, uly buýsanç bilen belleýär.
Watanymyzyň röwşen geljegi hem daýanjy bolan ýaşlaryň bilimli-ylymly bolmaklary ugrunda ägirt uly tagallalary edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, döwlet ähmiýetli beýik işleri rowaç bolsun!
AGAÝEWA Jeren,
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň
dil öwreniş bölüminiň 119-njy okuw toparynyň talyby.

