BIZE YAZYARLAR

Bilim ulgamy — ösüşiň kämil ýolunda

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň bellenilýän «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ata Watanymyz syýasatda, ykdysadyýetde, ylym-bilimde ösüşleriň belent sepgitlerine eýe bolup, ýurdumyz dünýä ýüzünde abraý-mertebesi, şan-şöhraty barha belende galýar.
Islendik jemgyýetde bilim ilatyň işjeň gatlagyny öz içine alýar. Şu nukdaýnazardan, ýaşlara bilim öwretmek asylly ýörelgä öwrüldi. Şonuň üçin hem bu ugurda okatmagyň dürli usullary hem kämilleşdirilýär. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy» esasynda alnyp barylýan işler hem aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Şeýle asylly işleriň esasynda kämil şahsyýetleri kemala getirmek, ýaş nesle bilim-terbiýe bermek, olary hünäre taýýarlamak, jemgyýetiň ruhy-ahlak, medeni-aňyýet gymmatlyklaryny toplamak we baýlaşdyrmak, ýaşlarymyzyň taryhymyz, däp-dessurlarymyz bilen ýakyndan tanyş bolmaklaryny gazanmak göz öňünde tutulýar.
Şu ýerde bir zada aýratyn ünsi çekmek isleýäris. Ähli ugurlarda bolşy ýaly, ylym-bilim ulgamynda hem gazanylýan üstünlikler Gahryman Arkadagymyzyň beýik işlerinden, hormatly Prezidentimiziň tagallalaryndan kemal tapýar. Bilim ulgamynda has kämil usullar we iň täze tehnologiýalar özleşdirilýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň bilim ulgamy täze ösüşlere, özgerişlere eýe bolýar. Ýurdumyzda dünýä ylmynyň iň soňky gazanan tehnologiýalary bilen üpjün edilen çagalar baglary, orta, orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň täze binalary yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilýär. Bilşmiz ýaly, hormatly Prezidentimiz tarapyndan 1-nji synpa gadam basýan mekdep okuwçylaryna kompýuter sowgatlarynyň berilmegi, orta, orta hünär we ýokary okuw mekdeplerinde kompýuter sowatlylygynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi örän uly ähmiýete eýedir we ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny sanly ulgama geçirmegiň berk binýadydyr.
Ýurdumyzda sanly bilim ulgamynyň ösdürilmegi bu ugurda tehnologik täzeçilligi döretmegi we ýaýratmagy, bilim edaralarynyň tehnologiýa taýdan ösmeginiň çaltlandyrylmagyny, şeýle hem bilimiň ähli derejeleri üçin zerur elektron maglumatlar gorunyň döredilmegini we olara tor arkaly elýeterliligi üpjün etmegi göz öňünde tutýar. Döredilýän sanly bilim portaly elektron poçta, elektron resminama, uzak aralykdan bäsleşikler, olimpiadalar, maslahatlar, forumlar, okuw kitaplary, okuw gollanmalary, sözlükler ýaly bölümleri özünde jemleýär. Ähli amatlyklary, mümkinçilikleri özünde jemleýän şeýle sanly elektron portalyň üsti bilen sarp edilýän wagt ep-esli tygşytlanyp, ýaş nesliň ylym-bilim derejesi artar. Bu bolsa türkmen ylmynyň has-da ösmegine, ýaşlaryň ylymda aýratyn tapawutlanmagyna, alymlaryň täze nesliniň kemala gelmegine giň ýol açýar.
Bilşimiz ýaly bilim edaralarynda berilýän bilimiň hiliniň dünýä ülňülerine laýyk getirilmegi, ykdysadyýetiň ösüşi üçin zerur bolan hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen orta hünär we ýokary okuw mekdeplerinde täze hünärleriň açylmagy, bilim edaralarynyň ylmyň we tehnikanyň gazananlarynyň ýokary derejesine laýyk enjamlaşdyrylmagy ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak barada alnyp barylýan syýasatyň ajaýyp miweleridir. Bilim ulgamynyň yzygiderli döwrebaplaşdyrylmagy irki tapgyrlardan çagalaryň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmaga we ösdürmäge, olary öňdebaryjy dünýä tejribesine hem-de milli mugallymçylygyň baý mirasyna daýanyp terbiýelemäge mümkinçilik berýär.
Hormatly Prezidentimiziň döredip berýän şertleriniň netijesinde, bilim edaralarynda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän täze tehnologiýalardan peýdalanylmagy, ylmyň soňky gazananlarynyň hem-de okatmagyň innowasion usullarynyň bilim ulgamyna ornaşdyrylmagy bilimiň hiliniň ýokary derejesini üpjün edýär.
Ýaşlara dünýä derejesinde bilim-terbiýe bermekde sanly bilim ulgamyna aýratyn orun degişlidir. «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» kabul edilmegi bolsa, bu ugurda alnyp barylýan işlerde has ýokary netijeleri gazanmaga mümkinçilik berýär. Hemmämize mälim bolşy ýaly, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz syýasy, ykdysady hem-de medeni ugurlarda üstünlikler gazanyp, halkara derejede uly abraýdan peýdalanýar. Elbetde, jemgyýetimiziň umumadamzat gymmatlyklary esasynda ösmegi, ýaşlaryň kämil bilim almagy üçin döwrebap şertleriň döredilmegi täze mümkinçilikleri we çemeleşmeleri ýüze çykarýar. Bu bolsa ata Watanymyzyň syýasy, ykdysady we medeni ösüşlerine mynasyp goşant goşýan, dünýä ylmynyň gazananlaryndan habarly, bilimli nesliň kemala gelmeginde uly ähmiýete eýedir. Şeýlelikde, ýurdumyzyň bilim ulgamynyň ösüşi dünýäniň öňdebaryjy tejribesiniň esasynda sanly bilim ulgamyna doly geçilmegi, okatmagyň innowasion usullary bilen utgaşdyrylyp, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň bilimiň ähli basgançaklarynda giňden ornaşdyrylmagy bilen pugta baglanyşyklydyr.
Hawa, bilimli, ukyply, döwrebap tehnologiýalardan baş çykaryp bilýän ruhubelent nesli terbiýeläp ýetişdirmekde öňde uly wezipeler durýar. Bu belent hem jogapkärli wezipelere hötde gelmekde döredip berýän şertleri üçin hormatly Prezidentimize egsilmez alkyş aýdýarys.
Ýaşlaryň döredijilik işi bilen meşgullanmagy, giň dünýägaraýyşly bolmaklary üçin hormatly Prezidentimiz ähli mümkinçilikleri döredýär. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli alyp barýan beýik işleri rowaçlyklara beslensin!

Güneş JAPAROWA,
Garabekewül etrabyndaky 20-nji orta mekdebiň başlangyç synp mugallymy.