Diýarymyzda parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik, dost-doganlyk, hoşniýetli goňşyçylyk däplerini dabaralandyryp, ýaşlar batly gadamlar bilen öňe barýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzyň bilim ulgamyny ösdürmekde hem birnäçe işler alnyp barylýar. Beýik maksatlara gönükdirilen bilim syýasaty bilen rowaçlanýan bu döwür Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen bilen bagtyýar nesiller barada sebit we halkara derejesinde uly aladalar edilýär. Taryh üçin uzak bolmadyk döwürde, sanlyja ýyllaryň içinde bilim ulgamynda sanardan kän ösüşler gazanyldy.
Dünýäniň ösen döwletlerinde netijeli hasaplanýan usulyýetleriň, innowasiýalaryň, okuw-usuly serişdeleriniň orta bilimiň durmuşyna üstünlikli ornaşdyrylmagy, täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, bilimiň sanlylaşdyrylmagy, “e-mekdep” ulgamynyň döredilmegi milli bilimiň düýpli ösdürilýänliginiň subutnamasydyr. Ulgamda amala aşyrylýan köp görnüşli özgertmeler döwrebap ösüş üçin zerur bolan meseleleriň ählisini öz içine almak bilen, tapgyrlaýyn, yzygiderli we özara baglanyşykly amala aşyrylýar. Kompýuter tehnologiýasyny ulanmakdan we ýönekeý tanyşdyryşlary hem-de kompýuter sapaklaryny guramakdan başlanan interaktiw usullar häzirki wagtda tutuş bilim ulgamyny sanlylaşdyrmagy amala aşyrmaga çenli baryp ýetdi. Elektron mekdepler ulgamy emele geldi. Dünýä tejribesine laýyklykda häzirki wagtda ýurdumyzdaky orta mekdepler 12 ýyllyk bilime geçirildi. Orta bilim üçin birnäçe kadalaşdyryjy resminamalaryň kabul edilmegi, olara laýyklykda umumy bilim basgançagynda tebigy-gumanitar bilimleriň esaslaryny düýpli öwrenmek hem-de okuwyň tamamlaýjy ýyllarynda okuwçylaryň höwes bildirýän ugurlary boýunça ýöriteleşdirip okadylamagy hem ýaşlara berilýän bilimiň kämilleşýandgiiniň subutnamasydyr.
Bilim ulgamynyň uly ösüşleriniň döwlet aladasy bilen mäkäm gurşalan türkmen jemgyýetinde ýaş nesil, onuň geljegi, bilim ulgamynyň ösüşleri we bu ugurdaky halkara gatnaşyklary umumyadamzat we sebit üçin aýratyn ähmiýetlidir. Kemala gelýan ýaş nesli, türkmen halkynyň geljegi hökmünde göz öňüne getirip olary milli ruhda terbiýelemek ýaşuly nesilleriň, galybersede bilim işgaärleriň ýagny biziň mukaddes borjumyzdyr.
Aýzada TÖLEGENOWA,
Darganata etrabyndaky 1-nji orta mekdebiň mugallymy.

