Ylym-bilim ulgamyny, hususan-da, häzirki innowasiýalar we ösüş eýýamynda döwletiň öňünde durýan meseleleriň oňyn çözülmegini üpjün etmek wezipesi duran giň dünýägaraýyşly, ýokary bilimli ýaşlary taýýarlamak işini kämilleşdirmek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän döwlet Baştutanymyz röwşen geljegi nazarlaýan özgertmeleriň çuňňur ylmy binýadynyň kemala getirilmegi üçin ylym ulgamynyň ösdürilmegi ugrunda giň gerimli çäreleriň durmuşa geçirilmegine aýratyn ähmiýet berýär.
Röwşen geljegiň binýady kämil bilimli ýaşlardan, ylym-bilimiň ösüşinden başlanýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda şeýle belleýär:«Häzirki wagtda ösüp gelýän ýaş nesilleriň ylym-bilimli, sowatly, bellibir käriň eýesi bolmagy ugrundaky aladalarymyz öz netijesini hem berýär. Bu gün bilim aljak, döretjek ýaş nesiller üçin ýollar açyk. Ylym-bilime, sungata höwesek ýaş nesilleriň okamagy, öwrenmegi üçin ýurdumyzda döredilýän mümkinçilikler sanardan kän. Şeýle mümkinçiliklerden peýdalanýan bagtyýar, ylymly-bilimli ýaşlaryň ümzügi diňe öňe sary».
Şu parasatly sözlerden görnüşi ýaly, ylym-bilimli ýaşlar üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Bu günki günde gurlup ulanmaga berilýän çagalar baglarynyň, orta mekdepleriň, ýokary okuw mekdepleriniň binalarynyň iň döwrebap mümkinçiliklere eýedigi bellenmäge mynasypdyr.
Ýakynda Gahryman Arkadagymyzyň başlyklygynda paýtagtymyzda üstünlikli geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde hem biz ýurdumyzda ýaş nesillere örän uly ynam bildirilýändigine ýene bir ýola aýdyň göz ýetirdik. Mejlisde eden çuň many-mazmunly çykyşynda Milli Liderimiz Garaşsyz ýurdumyzyň gazanýan zähmet üstünliklerinde, halkara bilim we sport bäsleşiklerinde eýeleýän belent sepgitlerinde ýaşlaryň hyzmatynyň örän uludygyny aýratyn belledi. Gahryman Arkadagymyzyň
ýaşlaryň gazanan halkara üstünlikleri barada aýtmak bilen: «Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hökmünde Watanymyzyň güýç-kuwwaty, abraý-mertebesi hem-de beýik geljegi bolan ýaşlarymyzyň alyp barýan işlerine hem-de gazanýan üstünliklerine men örän ýokary baha berýärin. Ata-babalarymyzyň watansöýüjilik ruhuny, asylly milli hem-de zähmet däplerini mynasyp dowam edýän ýaş nesillerimiz mundan beýläk-de ähli gujur-gaýratyny ata Watanymyzyň berkararlygyny has-da
pugtalandyrmaga bagyş etmelidirler!» diýip nygtamagy ýurdumyzyň bagtyýar, zehinli ýaş nesillerini geljekde-de ylym-bilimde, sportda, medeniýet we sungat babatda täze ýeňişlere, döredijilik gözleglerine ruhlandyrdy.
Bilimli nesil — ýagty ertirlerimiziň eýeleri. Ýurdumyzyň milli bilim ulgamynda göz öňünde tutulýan özgertmeleriň täze tapgyry hem şöhraty belende göterilen türkmen döwletiniň synmaz kuwwaty bolan ýaşlarymyzyň ýagty ertirleri üçindir. Diýmek, ýaşlar syýasaty bilen utgaşykly durmuşa geçirilýän bilim özgertmeleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlaryň hemmetaraplaýyn ösmegine we kämilleşmegine, ata Watanymyz Türkmenistanyň dünýädäki abraý-mertebesiniň has-da belende göterilmegine mümkinçilik berer.
Mawlýuda NURBERDIÝEWA,
Dänew etrabyndaky 44-nji orta mekdebiň rus dili mugallymy
