Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň döwlet durmuşynyň ähli ugurlarynda bolşy ýaly, bilim ulgamynda durmuşa geçirilýän öňdengörüjilikli özgertmeler, bilim işgärleri, ýaşlar barada edilýän aladalar halkymyzy täze üstünliklere ruhlandyrýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýaş nesliň eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşamagy, bilim-terbiýe almagy, ylym we hünär öwrenmegi ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik özgertmelere mynasyp goşant goşmagy üçin ähli zerur şertleri döredip berýär. Bilim ulgamyna dünýä ylmynyň häzirkizaman gazananlarynyň, öňdebaryjy tejribäniň, täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy bilen ýaş nesle berilýän bilimiň we terbiýäniň hili has-da ýokarlanýar. Bu ugurda halkara hyzmatdaşlygynyň çygrynyň giňeldilmegi bolsa orta mekdebi tamamlaýan ýaşlara ýurdumyzyň, şeýle hem daşary ýurtlaryň orta hünär we ýokary okuw mekdeplerinde bilim almaga, hünär öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredýär. Häzirki wagtda orta mekdepler okatmagyň hem-de bilim bermek usulyýetiniň öňdebaryjy tehnologiýalary bilen üpjün edilen, ýaşlaryň aň-paýhas mümkinçiliklerini mümkin boldugyça doly açmak üçin şert döredilen okuw merkezleridir. Türkmenistanyň umumy bilim berýän orta mekdepleri ýaş nesliň hemmetaraplaýyn döredijilik zehinlerini we başarnyklaryny, sporta höwesini, ýokary hünär derejesini emele getirmek üçin ähli mümkinçiliklere eýedir. Bilim ulgamynyň täze hil derejesinde döwrebaplaşdyrylmagy netijesinde okuw işine möhüm täzelikler girizilýär. Milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklary üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak wezipelerinden ugur alnyp, ýurdumyzda himiýa, biologiýa, matematika we beýleki dersleri çuňlaşdyrylan görnüşde okatmaga gönükdirilen ýöriteleşdirilen orta mekdepler döredilýär.
Mekdep okuwçylarynyň daşary ýurt dillerini öwrenmek meýilnamasynyň ýaýrawyny has giňeltmek baradaky çözgüt bu ugurda nobatdaky möhüm ädim boldy, munuň özi köpugurly halkara hyzmatdaşlygynyň geriminiň işjeň giňeldilýändigi hem-de okgunly ösýändigi esasynda durmuşa geçirilýär. Iňlis, fransuz, nemes, hytaý we ýapon dilleri çuňňur öwrenilýän okuw mekdepleri üstünlikli hereket edýär. Bilim ulgamynda amala aşyrylýan innowasiýa özgertmeleriniň aýdyň netijeleriniň biri hem Türkmenistanyň mekdep okuwçylarynyň dürli ders ugurlary boýunça abraýly halkara bäsleşiklerinde ýylyň-ýylyna gazanýan ýeňişleridir.
Biz — mugallymlar hormatly Prezidentimiziň bilim işgärlerine bildirýän ynamyny ödemek üçin ak ýürekden zähmet çekýäris. Ýaş nesliň döwrebap, kämil bilim almaklary ugrunda yhlasymyzy gaýgyrmaýarys. Goý, halkymyzy aýdyň geljege alyp barýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Milli Liderimiziň janlary sag, belent başlary aman bolsun!
Nargiza BAHADYROWA,
Farap etrabyndaky ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiň nemes dili mugallymy.

