Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Garaşsyz baky bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda eziz Watanymyz ösüşli ýollarda ynamly öňe barýar. Döwletimizde gazanylýan üstünlikler bagtyýar ýaşlarymyz bilen berk baglanyşyklydyr. Garaşsyz, Bitarap ýurdumyzda ýaş nesliň dünýä derejesine laýyk bilim almagy üçin ähli şertler döredilýär.
Bilim babatda kabul edilen kanunlar giň gözýetimli, döwrüň ruhuna laýyk derejede pikirlenýän, döwrebap tehnologiýalardan baş çykarýan, saýlan hünärine yhlasly bolan türkmen ýaşlaryny terbiýelemäge, bilim işgärleriniň has netijeli işlemekleri üçin uly mümkinçilikleri açdy.
Bilim ulgamynyň döwrebap mazmuny adamzat ýaşaýşynyň aň-düşünjesini häzirki zamanyň ösen talaplaryna kybapdaş dowam etdirmekdir, onuň geçmiş mirasyny we häzirki wagtdaky gazananlaryny dolulygy bilen geljekki nesillere ýetirmekdir. Kämil nesli kemala getirmek bilim ulgamynyň öňünde durýan döwlet derejesindäki baş aladalaryň biridir. Häzirki wagtda bu ulgamyň hukuk binýady has-da kämilleşdirildi. Munuň özi bilim özgertmelerini durmuşa geçirmäge, ýurdumyzy ykdysady, syýasy we medeni taýdan ösdürjek, giň gözýetimli, döwrümiziň ösen talaplaryna laýyk ýokary derejede pikirlenýän ökde hünärmenleri taýýarlamaga, ýaş nesliň sagdyn ösmegi üçin ähli şertleri döretmäge, olary halka, Watana, hormatly Prezidentimize söýgi hem wepadarlyk ruhunda terbiýelemekde bilim ulgamynyň işgärleriniň ýokary netijeleri gazanmaklaryna giň ýol açdy.
Halkymyzda: «Bilim bilen hikmet — altyndan gymmat» diýen pähimli söz bar. Çünki bilim — jemgyýetiň ösüşini üpjün edýän, ony öňe ilerledýän gymmatlyk. «Hikmet» sözüniň «çuň düşünje», «akyl», «paýhas», «ylym», «dogry karara gelmek», «ýagşylygyň we ýamanlygyň arasyndaky tapawuda düşünmek» ýaly birnäçe manylary bar. Hikmet diňe bilim däl, eýsem, bu bilimleri dogry peýdalanmak ukybydyr. Ata-babalarymyz ylym-bilim we paýhaslylyk barada ummasyz nakyllar döredip, ony nesillere miras galdyrypdyr. Dünýä edebiýatynda öçmejek yz galdyran akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy döwlet berkararlygynyň binýadynyň berk bolmagynyň halkyň ylym-bilim derejesi bilen aýrylmaz baglanyşyklydygyna ünsi çekip, ajaýyp eserleri döredipdir. Bu barada beýik söz ussadynyň ylym-bilimi şöhlelendirýän, onuň ähmiýetini açyp görkezýän ençeme şygyrlary hem şaýatlyk edýär.
Türkmenistanyň ylym-bilim edaralarynyň internet ulgamyna birikdirilmegi bolsa, Watanymyzyň ylym-bilim ulgamynda gazanan üstünliklerini dünýä ýüzüne ýaýmak üçin şert döredýär. Şeýle hem bilim ulgamynyň işini döwrebap derejede guramak, ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak boýunça dünýä tejribesinden ugur alnyp, sanly bilim ulgamyna geçmek babatynda giň möçberli işler alnyp barylýar. Bilim ojaklarynda sanly tehnologiýalaryň, ýokary tizlikli internet ulgamynyň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde ýurdumyzyň bilim edaralarynyň arasynda, şol sanda bilim babatda hyzmatdaşlyk edilýän daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleri, ylym-bilim merkezleri bilen uzak aralykdan sapaklar, wideoşekilli maslahatlar yzygiderli guralýar. Çünki ýurdumyzyň bilim edaralarynyň halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmekde, alnyp barylýan bilim-terbiýeçilik, ylym, sport, medeni-köpçülik işlerini, döwlet ähmiýetli özgertmeleri, ösüşleri giňden şöhlelendirmekde sanly bilim ulgamynyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak maksadalaýykdyr.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Garaşsyz baky bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýyly alnyp barylýan işleriň rowaçlyklara beslenmegine badalga berýär. Türkmen ýaşlarynyň ylymly, bilimli, kämil dünýägaraýyşly bolmagy üçin beýik işleri durmuşa geçirýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, döwletli işleri rowaç bolsun!
Ogulnabat JUMAÝEWA,
Çärjew etrabynyň 10-njy orta mekdebiniň mugallymy.

