BIZE YAZYARLAR

Bilim – beýik ösüşleriň berk binýady

Hormatly Prezidentimiz il-ýurt bähbidini, ýurdy ösdürmek meselelerini hemişe üns merkezinde saklaýar. Ýurdumyzda bilim ulgamyny barha kämilleşdirmegiň barşynda Türkmenistanyň bilim ministrliginiň öňünde durýan wezipeleri durmuşa geçirmekde asylly işleriň durmuşa ornaşdyrylýandygynyň şaýady bolýarys.
Hormatly Prezidentimiziň turuwbaşdan ýurdumyzyň bilim ulgamyny kämilleşdirmek barada kabul eden Permanlarydyr, Kararlary asly halal halkymyzyň kämil jemgyýet bolup, ýaşamagy, işlemegi, döretmegi, gurmagy ugrunda öňde goýlan belent wezipeleriniň rowaç alýandygyny äşgär edýär. Şundan görnüşi ýaly, nesil terbiýesinde halkymyzyň halal, tämiz edim-gylymlaryna pugta eýermegimiz, diňe şonda ýurdumyzyň ösüşleriň hem özgertmeleriň mekany boljakdygy öz-özünden düşnükli bolýar. Ruhy tämiz, kalby päk, ahlagy arassa, dünýägaraýşy giň, halallygy hemişe özüne ýaran edinen ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek döwlet Baştutanymyzyň ýurtda amala aşyrýan beýik başlangyçlarynyň, hususan-da, ylym-bilim özgertmeleriniň özenini düzýär. Şunuň bilen baglanyşykly hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň okuw mekdepleriniň tehniki binýadyny döretmäge, olaryň öňdebaryjy daşary ýurt ylym-bilim merkezleri bilen giň hem ysnyşykly gatnaşyklary ýola goýmagyna gönükdirilen möhüm resminamalara gol çekdi. Bu tagallalar netijesinde Diýarymyzyň ylym-bilim ulgamynda uly ösüşler gazanyldy. Şeýle ruhda terbiýelenen ýaşlar bolsa, elbetde, biziň guwanjymyz hem daýanjymyz.
Dünýä ylmynda gazanylan iň täze tehnikalar, tehnologiýalar önümçilige, bilime güýçli depginde ornaşdyrylýar. Döwlet tarapyndan bu ulgamyň ösdürilmegine her ýyl uly möçberdäki serişdeleriň goýberilýändigini hem aýtmak gerek. Ýurdumyzda ylym-bilim ulgamynyň işini kämilleşdirmekde, öňdebaryjy dünýä tejribesini ornaşdyrmakda we sanly ulgama geçmekde möhüm işler ýerine ýetirilýär. Her okuwçynyň öňünde kompýuteriň bolmagy bilen, mugallymlar öz sapaklaryny innowasion usullarda guramaklyga mümkinçilik gazandylar. Bilim edaralarynyň ösen innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilmegi, mugallymlaryň kompýuter sowatlylygynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi örän uly ähmiýete eýe bolup, geljekki Watan eýeleriniň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly adamlar bolup ýetişmeklerine giň mümkinçilikler açýar.

Abadan SOLTANOWA,
Farap etrabyndaky ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiň başlangyç synp mugallymy.