BIZE YAZYARLAR

Bilim bermekde terbiýäniň orny

Terbiýe şol bir wagtyň özünde pedagogyň we terbiýelenýäniň işini birikdirýän ikitaraplaýyn hereketdir. Olaryň bir-birine täsiri arkalaşyk häsiýetde bolýar.Başgaça aýdanyňda okuw-terbiýeçilik işinde şol bir tutumda diňe bir okaýan, terbiýelenýän öwrenmän, terbiýelenmän, eýsem okadýan, terbiýelenýän hem kämilleşýär. Galyberse-de belli bir aragatnaşyklar, özara täsirler okaýanlaryň arasynda hem döreýär.
Terbiýeçi – bu terbiýe işini amala aşyrýan (nesilleriň tejribesini geçirýän) adamdyr (kähalatlarda gurama); galyberse-de ol okuw-terbiýeçilik edarasynda terbiýe işi bilen meşgullanýan wezipe eýesidir. Terbiýäniň üznüksizligi we täsirliligi onuň öz- özüňi terbiýeleýşe geçmegi, terbiýelenmäniň hususy işjeňligini döretmegi bilen baglanyşyklydyr. Öz-özüňi terbiýelemek – bu adamyň öz edim-gylyklaryny aňlap, ony kämilleşdirmek we hususy kemçilikerini ýeňil geçmek işidir. Häzirki döwürde, bazar gatnaşyklarynyň rowaçlanýan döwründe kärhanalar (aýratynda hususy firmalar) öz işgärlerine ýokary talap bildirýärler. Bu işgärler önümçiligiň tehnologiýasyny bilmek bilen bir hatarda öz-özüni we kollektiwi dolandyryp bilmelidir; olar saglygy gurat we ýokary medeniýetli, sözleýşe ezber, işewür aragatnaşyklar guraýan, hem-de özleriniň duýgularyna erk edip bilýän bolmalydyr. Mundan başga-da olaryň fiziki, ruhy we sosial-durmuş kämilligine degişli talaplar bildirilýär. Bu häsiýetler adama dagabitdi berilmän, bilim berşiň tutumynda ösdürilýär. Hut şonuň üçin-de terbiýe prosesiniň dolandyrylyşy mugallymyň we okaýanyň bilelikdäki işiniň arkalaşygyna, öz-özüni ösdürijiligine we özara döredijiligine esaslanýan bolmalydyr.Terbiýe tutumy aýry-aýry ýagdaýlardan durýar. Terbiýe ýagdaýy terbiýe prosesiniň mugallymyň we okaýanyň pedagogik özara täsiriniňbelli bir döwürdäki obýektiw we subýektiw şertlerdäki pursatydyr.
Terbiýe prosesini üznüksiz guramak üçin (oňa ysygider hereketde we ösüşde seredip) her bir okuw ýagdaýynda goýlan maksada laýyklykda, hem-de onuň üýtgeýjiligini nazarda tutup, toplumlaýyn terbiýe ýumuşlaryny çözmeli bolýar. Islendik okuw ýagdaýynda terbiýäniň dolandyrylyşyny üpjün edip, pedagoga we okaýana, özleşdirilýän derse hem-de tutuş bilim ulgamyna gös-göni täsir etmek gazanylmalydyr. Okaýanyň şahsyýetini okadylyşda ösdürmekde aýgytlaýjy orun mugallyma degişlidir. Onuň işi ylmy we dünýägaraýyş pikirleriň, nazaryýet we amalyýet bilimleriň, şeýle hem gelejekki hünärmeniň ruhy- ahlak we pähim-paýhas gorunyň döredijisidir. Terbiýeleýji okadylyşda okadylýanyň bilim, başarnyk we endikleriniň özleşdirişi bilen onuň şahsyýetini kemala getirmegiň özara baglanyşygy gazanylýar. Bu didaktiki düzgün okadylyşyň mazmunynda, guramaçylyk görnüşlerinde we usullarynda öz şöhlelenmesini tapýar. Terbileýji okadylyşyň tutumynda terbiýäniň esasy wezipeleri amala aşyrylyp, şahsyýetiň ahlak ösüşine düýpli täsir edýän ösüşiň sosial-durmuş ýagdaýynyň kämilligi anyklanýar.
Bilim berşiň we terbiýäniň baş maksady ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakdyr. Häzirki döwürde pedagogika birnäçe çylşyrymly meseleler bilen ýüzbe-ýüz bolýar: okaýana diňe bilim öwretmek bilen çäklenmän, olary ynsanperwer gymmatlyklara ugrukdyrmak zerurlygy; bu adama esasy gymmatlyk hökmünde seredilýän nazaryýet bilen baglanyşyklydyr; talyp ýaşlary barlyk hakykatyna uýgunlaşdyrmak; ähli öndürijilikli işiň, akyl we estetiki ösüşiň, işjeňliligiň we ugurtapyjylygyň esasy hökmünde okaýanda ahlak-etiki gymmatlyklary döretmek. Terbiýe ulgamynyň aňyýet esasy, pedagogik nusgasy adamzadyň köp asyrlyk tejribesinde gazanylan ynsanperwerlik düzgünleri bolmalydyr. Ynsanperwerlik ilkinji nobatda adamyň adamçylygydyr: adamlara söýgi, ýokary geçirimlilik we sypaýçylyk, şahsyýetiň mertebesini hormatlamak. Ynsanperwerlik nazaryýeti adamy iň ýokary gymmatlyk hasaplap, ony özüniň dünýägaraýyş ugrukmasynyň merkezinde goýýar. Terbiýeçilik tutumynda ynsanperwerlik düzgünleri umumyadamzat gymmatlyklarynda amala aşyrylýar.
Bu Watanda ýaşap, bu Watanda ir bilen dogan güne salam berip Watanymyň geljegini ylym-bilim bilen ösdürjekdigime ynamym berkdir. Çünki bu Watanda mugallymlara okatmaga, döretmäge ähli mümkinçilikleri berýän Gahryman Arkadagymyz hem-de ýaşlara görelde, baş bolup durýan Arkadagly Gahryman Serdarymyz Hormatly Prezidentimiz bar. Gelejege barýan bilimli gadamlara meniň hem ädimlerimiň goşulandygy üçin men bu Watanyň iň bagtyýar mugallymlarynyň biridirin. Maňa bu buýsanjy beren, halkymyza ajaýyp ýaşaýyşy peşgeş beren Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýüregimdäki sagbolsunlarymyň çägi ýok. Goý Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun !

Sapanepes ERJANOW,
Darganata etrabyndaky 1-nji orta mekdebiň mekdep müdiriniň
terbiýeçilik işleri baradaky orunbasary.