Bagtyýar zamanamyzda ata Watanymyzda durmuşa geçirilýän köpugurly özgertmeler bu günki gün ähli halkymyzy buýsandyrýar, guwandyrýar. Ähli pudaklara ylmyň, bilimiň, innowasion tehnologiýalaryň soňky gazananlary ornaşdyrylýar. Şunda bilim ulgamynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi ugrunda netijeli işleriň durmuşa geçirilýändigini aýratyn bellemek gerek.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň seçip alan innowasion ösüş ýoly ähli pudaklaryň hünärmenlerinden ýokary ussatlygy, bilimlerini yzygiderli ösdürmegi, oňat taýýarlykly, döredijilikli işlemegi, ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryndan erkin baş çykarmagy talap edýär. Sebäbi ol ýokary hünärli işgärleriň täze neslini terbiýeläp ýetişdirmegi maksat edinýär. Ýurdumyzyň tehniki-ykdysady kuwwatyny has-da pugtalandyrmagyň, onuň intellektual kuwwatyny artdyrmagyň bähbidine ylmy ösdürmek hormatly Prezidentimiziň
durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň esasylarynyň biridir. Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmek, bu ugurdaky işleri kämilleşdirmek babatda uzak geljegi nazarlaýan özgertmeler hemmetaraplaýyn we ylmy esasda durmuşa geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, güýçli döwletde ylym esasy orny eýeleýär. Ýurdumyzyň geljeginiň ýaşlar bilen baglydygy olaryň ylymdan ýüküniň ýetik bolmagyna zerurlyk döredýär. Ýaşlaryň dünýä ölçeglerine laýyk bilim almagynyň hem-de Watanymyzyň ykdysady, syýasy, medeni durmuşyna mynasyp goşant goşmagynyň, dünýäniň bilim-ylym ulgamynyň gazananlaryndan habarly, kämil hünärmenler bolup ýetişmeginiň möhüm
şertleriniň biri-de, olaryň häzirki zaman maglumat tehnologiýalaryny hünär işinde işjeň hem-de netijeli ulanyp bilmegini gazanmakdan ybaratdyr.
Şöhle JUMAÝEWA,
Türkemnabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mugallymy.

