BIZE YAZYARLAR

Bilim ― ähli syrlaryň açary

Dünýädäki ähli syrlaryň açary, ösüşleriň gözbaşy ylymda jemlenýär. Hormatly
Prezidentimiz bu barada: «Ýaşlary ylymly bolan döwletiň sütünleri berkarar, güýji
mizemezdir» diýip belleýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy
döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň
taýsyz tagallalary bilen bilim ulgamyny kämilleşdirmek boýunça kabul edilýän
çözgütler ýurdumyzyň innowasion ösüşinde ylmyň kuwwatyny we ornuny
pugtalandyrmaga gönükdirilendir.
Ylymy we bilimi ösdürmek islendik döwletiň pajarlap ösmeginiň esaslarynyň biridir.
Takyk we tebigy ylymlar ynsan akylynyň kämilleşmegine itergi berýär. Ylym-bilim
arkaly jemgyýet alymlaryň, zehinli ýazyjy-şahyrlaryň pähim-paýhasyna eýerýär,
nukdaýnazaryny, garaýyşlaryny öwrenýär. Bilim ruhy nygmatdyr, akyl bilen kalp
onuň bilen iýmitlenýär. Bilimsizlik ähli şowsuzlyklaryň gözbaşydyr. Ynsanyň gadyry
bilim bilen beýgelýär. Bilmezlik aýyp däldir, ýöne öwrenmäge ymtylmazlyk aýypdyr.
Çünki ynsan bilmedigini bilse, öwrenmäge ymtylýar. Şuňa laýyklykda ýurdumyzda
ylmy işleri amala aşyrmak, ylmy gözlegleriň gerimini giňeltmek, olaryň netijelerini
önümçilige ornaşdyrmak üçin ähli şertler döredilýär. Ylmy edaralaryň we ýokary
okuw mekdepleriniň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylýar, olaryň işine iň
täze maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary, şol sanda internetiň we elektron
kitaphanalaryň üsti bilen maglumatlaryň dünýä gaznasyna ýokary tizlikli elýeterlilik
üpjün edilýär.
Ylym we bilim beýik maksatlara ýetmekde jemgyýetimizi birleşdirýän, Garaşsyz
döwletimiziň kuwwatyny has-da artdyrýan baýlykdyr. Şoňa görä-de, hormatly
Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda bilim ulgamynyň gurluşy, dolandyrylyşy,
binýatlaýyn esaslary döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirilip, ylmy-tehniki
özgertmeler durmuşa geçirilýär. Häzirkizaman bilimlerini we ylymlaryny düýpli
özleşdirýän ýokary derejeli hünärmenleri hem-de alymlary taýýarlamak üçin ähli
şertler döredilýär. Bilimlere we innowasiýalara daýanyp, dünýäniň ösen ýurtlarynyň
derejesinde ykdysadyýetimiz döwrebaplaşdyrylýar. Iri taslamalary durmuşa
geçirmek bilen, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde uly üstünlikler
gazanylýar.

Gülnara GOŞAÝEWA,
Çärjew etrabyndaky ýöriteleşdirilen 39-njy orta mekdebiň türkmen dili we
edebiýaty mugallymy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: